Britaniýa milliarder Igor Makarowy gadagançylyklar sanawyndan çykardy

2019-njy ýylda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) rus oligarhy Igor Makarow bilen tigirde aýlanýar.

Britaniýa rus oligarhy, Russiýanyň "ITERA" gaz kompaniýasynyň esaslandyryjysy Igor Makarowy, geçen ýyl Kipriň raýatlygy üçin özüniň rus pasportyndan ýüz öwüreninden soň, ony gadagançylyklar sanawyndan aýyrdy. Bu barada “Ukrainskaýa Prawda” neşiri Britaniýanyň hökümet websaýtyna salgylanyp, 5-nji martda habar berdi.

Makarowyň eýeçiligindäki “ARETI” kompaniýasynyň Russiýanyň energetika pudagynda iş alyp barmaýandygy aýdylýar. Bu netije bilen bagly başga goşmaça jikme-jikler aýan edilmedi diýip, neşir ýazýar.

2022-nji ýylda Britaniýa Makarowy Russiýanyň hökümetini goldandygyny ýa-da onuň üsti bilen bähbit görendigini, şeýle-de Moskwa üçin strategiki möhüm pudakda iş alyp barandygyny belläpdi.

Makarow özüniň rus raýatlygyndan 2023-nji ýylda ýüz öwürdi we häzir Kipriň raýatydyr. “Ukrainskaýa Prawda” neşiri Britaniýanyň hökümet websaýtynda Makarowyň Türkmenistan asyllydygy görkezilendigini belleýär. Bu maglumatyň jikme-jiklerini häzirlikçe anyklamak başartmaýar.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň awgustynda oligarh Igor Makarowy Türkmenistanyň prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň ekspert hünärmeni wezipesine belläpdi.

Media maglumatlaryna görä, 2015-njy ýyldan öňki ady "ITERA" bolan "ARETI" kompaniýasy 90-njy ýyllarda Türkmenistanyň gazynyň Russiýadan daşary ýurtlara eksport edilmeginde uly rol oýnady.

Düýbi Londonda ýerleşýän "Global Witness" guramasy 2010-njy ýylda Makarowyň ýolbaşçylygyndaky ITERA kompaniýasynyň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bahasy 60 million dollara barabar bolan “Galkynyş” gämisini sowgat berendigini habar berdi.

“Forbes” neşirine görä, Makarowyň baýlygy 2,2 milliard dollar diýlip çak edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.