Boşap galan harabaçylyk. Basyp alyşdan bir ýyl geçensoň, Donetsk oblastynyň Marinka şäheri
Bu ýol birwagtlar Marinka şäherindäki Dostluk şaýoly bolupdy. Surat 4-nji dekabrda düşürildi. Ruslaryň şäheri oka tutmagy netijesinde, ýoluň asfalt gatlagy ýitip gidipdir.
Dostluk şaýolunyň rus goşuny tarapyndan basylyp alynmazyndan öňki görnüşi şeýledi. Marinka Donetskden takmynan 22 kilometr günbatarynda ýerleşýär. Bir wagtlar onda 9 müň adam üçin ýaşaýyş jaýlary bolupdyr.
Marinka şäherinde «Hudaýyň ejesiniň Kazan simwoly» ybadathanasynyň harabaçylygy. Ol 4-nji dekabrda surata düşürildi.
Marinka 2014-nji ýylyň başyndan bäri Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistler bilen ukrain güýçleriniň ýakyn aralygynda ýerleşýärdi.
Şol ybadathana 2014-nji ýylyň awgust aýynda şeýle görünýärdi. Orsýet 2022-nji ýylda Ukrainany doly möçberde basyp almaga başlandan soň, ilat howpsuz ýerlere göçürildi we 2023-nji ýylyň mart aýyna çenli şäher doly boşap galdy.
Ok degip weýran bolan bu sütün Marinka şäheriniň merkezindäki ukrain şahyry Taras Şewçenkonyň ýadygärliginiň galan bölegidir. Uruş zarbasyndan harabaçylyga öwrülen şäheri 2023-nji ýylyň dekabrynda rus goşuny basyp aldy.
Ukrain esgeri 2022-nji ýylyň martynda Marinka şäherindäki Şewçenkonyň ýadygärliginiň ýanynda surata düşýär.
Marinkadaky jaýlaryň harabaçylygy, 4-nji dekabrda düşürilen surat.
Ukrain fotosuratçysy Alýona Grom ol ýerde atyşyklar güýçlenmänkä, ýagny 2017-nji ýylyň başyndan bäri birnäçe gezek Marinkada boldy. "Şäher kiçidi, şonuň üçin hemmeler biri-birini tanaýardy, ýöne ýerli ilat diňe gündizine daşary çykýardy" diýip, Grom Azatlyk Radiosy bilen eden interwýusynda aýtdy.
Marinka şäherindäki administratiw bina, surat 2014-nji ýylyň awgust aýynda alyndy. Alýona Grom 16:00-dan soň: "Adamlar köçelerden ýitirim boldy, sebäbi agşamlaryna atyşyk başlanýar" diýip ýatlaýar.
Marinka şäherindäki ýol ýakasynda ýok edilen harby tehnika, surat 4-nji dekabrda düşürildi. Grom şäheriň üýtgeşik ýaşyllyga bürenip oturanyny, "bahar aýlarynda miweli baglaryň gülleýän döwründe has owadan bolýandygyny" aýdýar.
2015-nji ýylyň iýun aýynda Marinka şäheriniň eteginden Ukrainanyň ýaragly güýçleri geçip barýar.
Bu ýer 2022-nji ýylda rus zarbalary başlamazdan öň, şäher köçeleriniň biriniň çatrygy bolmaly. Surat şu ýylyň 4-nji dekabrynda alyndy.
2014-nji ýylda düşürilen suratda, Marinkada bir köçäniň çatrygy.
Marinka şäheriniň ozalky köçesiniň ugrunda düňderilen maşyn, 2024-nji ýylyň dekabry
Ukrain harbylary 2014-nji ýylyň awgustynda, Marinka şäheriniň golaýyndaky barlag geçelgesinde dokumentleri barlaýar.
Ýol ugrundaky dükanyň harabaçylygy, 2024-nji ýylyň dekabry
Alýona Grom şäheri surata düşüren wagtynda, birnäçe ýerli ýaşaýjylar bilen tanşandygyny aýdýar. Alýona olary "ýowuz synaglara duçar bolan ýumşak ýürekli, mähirli adamlar" diýip häsiýetlendirýär.
Marinkada ol dükanlar indi ýok. Surat 2014-nji ýylyň awgust aýynda alnypdy.
"Tiz wagtdan Marinkada ýekeje ýaşaýjynyň, ýekeje-de abat jaýyň galmajagymy göz öňüne-de getirip bilmändim" diýip, Alýona Grom aýdýar.