Bolup geçýän wakalar barada hiç ýerde, hatda öýde hem gep-gürrüň etmezlik tabşyrylýar

Aşgabatda bir mekdep. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Bilim ministrliginiň işgärleri Aşgabatda orta mekdepleriň mugallymlary bilen ýygnaklary geçirip, ýurtda bolup geçýän wakalar, şol sanda mekdebiň çäginde bolup geçýän hadysalar barada hiç ýerde, hatda öýde hem gep-gürrüň etmezligi ündeýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10-njy aprelde paýtagtdan maglumat berdi.

Häkimiýetler ilat arasynda özara pikir alyşmalary çäklendirip, mekdepleriň çäginde hem syýasy gürrüňleriň gozgalmazlygyny talap edýärler. Bu talaplar mugallymlara-da, okuwçylara-da degişli bolup durýar.

“Bilim ministrliginiň inspektorlary mekdeplerde bolup geçýän wakalaryň mekdebiň çäginden daşaryk çykarylmazlygyny, bilim we terbiýeçilik edaralarynyň çäginde bolsa, syýasy gürrüňleriň gozgalmazlygyny ündeýärler” diýip, bir bilim işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Mugallymlar hem okuwçylaryň arasynda şeýle hili gürrüňdeşlikleri geçirmäge borçlandyrylýarlar.

Degişli maglumat Aşgabatda jaýlaryň öňündäki oturgyçlar aýrylýar, ilatdan daşarda oturmazlyk talap edilýär

Bilim işgärleriniň sözlerine görä, hususan-da mekdeplerde bolup geçýän adatdan daşary hadysalar, şol sanda ýokary klas okuwçylaryň arasynda wagtal-wagtal bolup geçýän uruşlar, ýokary synp gyz okuwçylaryň arasynda ýüze çykýan islenilmeýän göwrelilik hadysalary, üpjünçiligi pes hojalyklaryň okuw esbaplaryny, mekdep lybaslaryny almaga gurbunyň çatmazlygy ýaly wakalar barada hiç ýerde pikir alyşmazlyk tabşyrylýar.

“Okuwçylara mekdeplerde bolup geçýän wakalar barada özleriniň ene-atalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem gürrüň bermezlik tabşyrylýar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Bu çäreler türkmen häkimiýetleriniň ilat arasynda gözegçiliksiz bolup geçýän pikir alyşmalaryň öňüne geçmek tagallalarynyň nobatdaky tapgyryna çalym edýär. Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary fewral aýynda Aşgabatda häkimiýetleriň köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň öňünde adamlaryň köpçülik bolup oturmaklarynyň öňüne geçmek, olaryň özara pikir alyşmalarynyň öňüni baglamak maksady bilen jaýlaryň howlularyndaky oturgyçlaryň, “skameýkalaryň” aýyrdylandygyny habar berdiler.

Türkmenistanda häkimiýetler maglumatyň islendik görnüşini, hem fiziki giňişlikde, hem wirtual giňişlikde yzarlaýarlar we hökümet gözegçiliginde bolmadyk islendik informasiýanyň ýaýramagynyň öňüni baglamak ugrunda irginsiz tagalla edýärler.

“Okuwçylara mekdepde bolup geçýän nogsanlyklar barada hiç ýerde dil ýarmazlyk tabşyrylýar. Eger-de, bolup geçýän wakalar barada gep-gürrüň edilip, bu waka dilden-dile geçip köpçülige aýan bolsa, onda bu maglumaty ýaýradan ýetginjekleriň anyklanyp, olara temmi beriljekdigi duýdurylýar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Daşarky dünýäden üzňe Türkmenistanda ygtybarly maglumat çeşmeleriniň, garaşsyz media serişdeleriniň erkin hereketine rugsat berilmeýär. Ähli habarlar döwlet tarapyndan berk gözegçilikde saklanýar.

Türkmen häkimiýetleri mekdeplerde bolup geçýän wakalaryň daşaryk syzmazlygyny tabşyrmak bilen bir hatarda, mekdepleriň çäklerinde hem syýasy wakalar barada pikir alyşylmazlygyny talap edýärler.

Hususan-da, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň üstüni ýapyrmak, olary ýaşyrmak barada mugallymlara tabşyryk berilýär.

Degişli maglumat Aşgabadyň edara-kärhanalarynda ýygnaklar geçirilip, azygyň gymmatlamagynyň “adaty ýagdaýdygy” aýdylýar

“Bolup geçýän islendik wakalar barada, şol sanda azyk-harytlarynyň gymmatlamagy, ýa-da meselem, Nazir Habibowyň neşe serişdesi bilen tutulmagy, ýa-da daşary ýurtlarda hereket edýän türkmen syýasatçylary we aktiwistleri barada gep-gürrüňleri ýaýratmazlyk, pikir alyşmalaryň öňüne geçmeklik talap edilýär” diýip, aşgabatly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary häkimiýetleriň paýtagtyň edara-kärhanalarynda ýörite ýygnaklary geçirip, azyk harytlarynyň gymmatçylygyny adaty ýagdaý hökmünde düşündirmäge synanyşandygyny habar berdiler.

Azatlyk Radiosy mekdeplerde geçirilýän ýygnaklar we häkimiýetleriň ilat arasynda özara pikir alyşmalary çäklendirmek ugrundaky täze synanyşyklary barada paýtagtyň bilim müdirliginden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanyň çäginde ygtybarly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bolmansoň, erkin maglumatlar köplenç informal, resmi däl usullar bilen ýaýraýar we “myş-myş” görnüşinde, dilden dile geçip, halk köpçüligine ýetýär. Bu ýagdaý hem, synçylara görä, garaşsyz, ygtybarly habar serişdeleriniň ähmiýetini we olaryň jemgyýetiň durmuşynda oýnaýan roluny ýene bir gezek açyp görkezýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.