BMG-nyň Baş sekretary Türkmenistana sapar edýär

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterriş

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterriş Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparynyň çäginde 5-nji iýulda Türkmenistana sapar edýär.

Türkmen döwlet habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, BMG-nyň Baş sekretary Türkmenistana resmi sapary wagtynda Türkmenistanyň prezidenti we beýleki ýokary derejeli hökümet wekilleri bilen duşuşyk geçirer. Şeýle-de, habara görä, saparyň gün tertibi howanyň üýtgemegine garşy göreşe degişli proýektler bilen tanyşmagy we ýerli aktiwistler bilen gepleşmegi öz içine alýar.

Sapar wagtynda BMG-nyň Türkmenistanda Merkezi ofisiniň açylyş dabarasy möhüm wakalaryň biri bolar diýip, döwlet habar portalynyň maglumatynda aýdylýar.

Antonio Guterrişiň Aşgabada sapary, BMG-niň başlygynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparyny jemleýär. Guterriş Özbegistana, Gyrgyzystana, Täjigistana we Gazagystana bardy, Astanada Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy.