BMG başlygy Putiniň Ukraina çozmagynyň halkara hukugyny bozýandygyny aýtdy

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen görüşýär.

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş 24-nji oktýabrda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine onuň Ukraina çozmagynyň BMG düzgünnamasyny we halkara hukuk borçnamalaryny bozandygyny aýtdy diýip, Birleşen Milletler Guramasy olaryň Russiýanyň Kazan şäherinde guralan BRICS sammitiniň çäginde geçirilen duşuşygyndan soň çap eden beýanatynda aýtdy.

Beýanatda aýdylmagyna görä, Guterriş Putin bilen 2022-nji ýylyň aprelinden bäri geçiren ilkinji duşuşygynda Russiýanyň çozuşy baradaky pozisiýasyny ýene-de bir gezek gaýtalady.

BMG-niň başlygy rus güýçleriniň ukrain şäherlerine we infrastrukturasyna garşy parh goýmazdan edýän hüjümlerini dowam etdirýän wagtynda Russiýa gelip, Putin bilen duşuşygyndan öň onuň bilen elleşip görüşýän mahaly surata düşdi.

Guterriş biraz öň sammitiň wekillerine ýüzlenip, Putiniň öňünde eden çykyşynda Ukrainada "adalatly parahatçylyga" çagyrdy.