11-nji sentýabrda ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken we onuň britaniýaly kärdeşi Dawid Lammy Kiýewe geldiler. Bu bilelikdäki sapar Ukrainanyň Günbatar ýaranlaryndan uzak aralyga niýetlenen ýaraglar bilen, Russiýanyň içine urmak boýunça ygtyýaryň berilmegi baradaky çagyryşlaryny gaýtalaýan döwrüne gabat geldi.
Blinken Ukraina, esasan hem onuň energiýa mätäçliklerini garşylamak üçin 700 million dollar möçberinde hemaýaty yglan etdi, Lammy hem Ukrainanyň karz kepilliklerine ýardam etmek üçin, 600 million funt sterling ($782 million) möçberindäki kömegi äşgär etdi.
Ukrainanyň daşary işler ministri Andriý Sybiha prezident Wolodymyr Zelenskiýiň Blinken we Lammy bilen “jikme-jik we netijeli” gepleşikleri geçirendigini aýtdy.