Bişkekdäki ýowuzlykda onlarça adam ýaralandy

Bişkek. 17-nji maý

17-nji maýdan 18-ne geçilýän gije Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde dörän hadysada 28 adam, şol sanda üç daşary ýurtly ýaralandy diýip, gyrgyz hökümeti mälim etdi.

Çaknyşyklary sosial mediada Bişkegiň hostelleriniň biriniň howlusynda, “daşary ýurtlylaryň” hem gatnaşmagynda bolan ýakalaşyk baradaky wideonyň peýda bolmagynyň öjükdirendigi çaklanylýar.

Gyrgyzystanyň Milli Howpsuzlyk boýunça Komitetiniň başlygy Kamçybek Taşiýewiň beren maglumatyna görä, 17-nji maýdaky giçlik bolan çaknyşyklardan soň, 18-25 ýaş aralygyndaky 500-700 adam Gyrgyzystanda işçi migrantlaryň köpelmegine nägilelik bildirmek üçin, şäheriň merkezine toplanypdyr.

Pitnä garşy polisiýa Bişkekde protestçileriň toplanan käbir sebitlerini petikledi.

Taşiýew Gyrgyzystana gelýän bikanun migrantlaryň köpelýändigini, olaryň aglabasynyň Pakistandan we Bangladeşdendigini, şeýle-de köpleriniň “kanuny bozýandygyny” aýtdy.

Saglyk ministri Alymkadyr Beýşenaliýew çaknyşyklardan soň üç daşary ýurtla medisina hemaýatynyň berilýändigini aýtdy, emma olaryň raýatlygyny takyklaşdyrmady.

Pakistanyň ilçihanasy pakistanyň 14 raýatynyň ýaralanandygyny aýtdy, emma üç pakistanlynyň öldürilendigi baradaky maglumaty ret etdi.