Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrligi 13-nji awgustda bolgar häkimiýetleriniň Bolgariýada ele salnan ýüzlerçe kilogram geroiniň Gyrgyzystandan gelendigi barada aýdan sözlerini ret etdi.
Ministrlik bu habar bilen bagly ýagdaýlara gözegçilik etmek üçin bolgar häkimiýetleri bilen aragatnaşyk saklaýandygyny aýtdy.
Bolgariýanyň port işgärleri bir gün öň Gara deňziň Burgas portunda bahasy 38 million dollar çemesi hasaplanýan neşe maddasyny, 436 kilogram geroin ýüküni ele salandyklaryny aýtdylar.
Geroin ýüki iýul aýynyň aýagynda Gyrgyzystandan gury ýer ýoly bilen Gürjüstanyň Gara deňizdäki Batumi deňiz portuna gelen ýük ulagyndan tapylypdyr.