Özbegistan Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda uly üstünlik gazandy, şeýle-de bolsa, Merkezi Aziýanyň synçylaryň köpüsi üçin, iň esasy zat halklaryň agzybirlik ýakynlygy has ileri görüldi. Aýratyn-da, özbek tälimçisi gyrgyz boksçysyna kümüş medaly gazanmaga kömek etdi.
2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlary Özbegistanyň sport taryhynda ilkinji altyn medaly gazanmak bilen başlandy, onuň ahyry bolsa özbek boksçylarynyň ýigrimi ýyl mundan ozal Kubadaky ýaryşdan bäri beýleki boks toparlaryna garanyňda, has köp altyn medal gazanmagy bilen jemlendi.
Ýöne Merkezi Aziýadan käbir synçylar Olimpiýa oýunlaryny bu dört ýyllyk başlangyçlar diňe bir podiumda gazanylan ýeňişleriň görkezijisi däl, eýsem sebitiň ýurtlarynyň arasynda dostluk ruhunyň ýaňadan döreýändigini hem görkezdi diýip hasap edýärler.
«Olimpiýa oýunlarynyň dowamynda [2024-nji ýyl] Merkezi Aziýanyň halklarynyň arasynda täsin agzybirlik döredi» diýip, 2014-2015-nji ýyllarda Gyrgyzystanyň Bilim ministriniň orunbasary bolan Bermet Tursunkulowa 11-nji awgustda, Facebook sahypasynda ýazdy.
«Biz haçandyr bir wagt şeýle ýagdaýa şaýat bolandyrys diýip pikir etmeýärin» diýip, ol sözüne goşdy.
Tursunkulowanyň postunyň ýaýramagynda, Parižde Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň hemmesiniň baýdaklaryny göterip duran sport janköýerleri we özbekler kümüş medalyň eýesi bolan gyrgyz boksçysy Munarbek Seýitbek-uuluny gutlaglap, "Gyrgyzystan!" diýip gygyrýardylar. Seýitbek-uulunyň bolsa, ýeňiji bäsdeşi Abdumalik Halokowy gujaklaýan suraty peýda boldy.
Munarbek bilen Abdulmalik 10-njy awgustda altyn medal ugrundaky bäsleşige çykdylar. Bu iki ýurduň hem öz taryhynda iň gowy olimpiýa medallaryny gazanan gününe gabat geldi, onuň köp sebäpleri bar.
DAWA-JENJEL ÖZARA GATNAŞYKLARA ÖWRÜLÝÄR
Owaly geosyýasy ýakynlyk bolupdy.
Mundan sekiz ýyl ozal, Rio-de-Žaneýrodaky Olimpiýa oýunlaryndan soň, Daşkent bilen Bişkekiň arasyndaky gatnaşyklar örän dartgynlydy.
Özbek we gyrgyz sport janköýerleriniň Oýunlarda mähirli pursatlary paýlaşýan suratlarynyň ýerine, Internet giňişligi 2016-njy ýylda iki ýurduň goşunlarynyň arasyndaky ikinji çaknyşykdan soň, Özbegistan-Gyrgyzystan serhedi boýunça dawaly dagyň suratlary bilen dolduryldy.
Ýöne Rio-de-Žaneýroda geçen Olimpiýa oýunlary tamamlanandan bir hepde geçensoň, Özbegistanda köp ýyllaryň dowamynda höküm süren awtoritar lider Yslam Kerimow insult bilen keselhana ýerleşdirildi we şol ýerde aradan çykdy.
Şol wagt diktator Oýunlarda erkekleriň arasyndaky höwesjeň boks ýaryşynda, Özbegistanyň täze güýçli döwlet bolandygy üçin, gazanylan üstünligi baýram etjekmiş diýen gürrüňler, tassyklanmadyk myş-myşlar peýda boldy.
Kerimowyň ölüminden soň Şawkat Mirziýoýewiň döwlet başyna gelmegi bilen Özbegistanyň Merkezi Aziýadaky goňşulary bilen sowuk gatnaşyklary geçmişe öwrüldi.
Raýdaşlyk tribunanyň çäginden çykdy.
Seýitbek-uulu Olimpiýa oýunlarynyň altyn medal bäsleşigine çykan ilkinji gyrgyzystanly hökmünde taryha girdi.
Ýöne onuň bu derejä ýetmegine Özbegistanyň milli boks ýygyndysynyň tälimçisi Akmal Hasanow kömek etdi. Onuň öz tälimçisi näbelli sebäbe görä, Gyrgyzystanyň Olimpiýa delegasiýasyna goşulman galany üçin, finaldan öňki göreşlerde, Akmal Hasanow Munarbekiň sekundanty boldy.
Bähbit dawasyndan gaça durmak üçin, Hasanow, belli bolşy ýaly, finalda Seyitbek-uulu bilen işleşmedi.
Ýöne özbek tälimçisi aýgytly göreşiň öňüsyrasynda Munarbeke tüýs ýürekden üstünlik arzuw etdi hem oňa özbek milli dony bilen tahýasyny sowgat berdi.
«Munarbek, finala çykanyňa guwanýaryn. Gyrgyz halkynyň şeýle netije gazanmagyna men örän şat. Goý, iň güýçli ýeňsin!» diýip, Hasanow oňa ýüzlenipdir.
TÄJIGISTANYŇ BARLARYNDAKY SPORT JANKÖÝERLERI
Goňşulary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýan Özbegistanyň Oýunlarda sekiz altyn, iki kümüş we üç bürünç medala eýe bolmagy beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryny-da guwandyrdy.
Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň habarçylary özbek boksçylarynyň bäsleşigine paýtagt Duşanbeniň sport barlarynda tomaşa edilendigini habar berdiler.
Aýratyn-da, 9-njy we 10-njy awgustda erkekleriň boks boýunça bäsleşikleriniň finalynda, Özbegistanyň milli ýygyndysynyň legendar baş tälimçisi Tulkin Kiliçewiň 8-nji awgustda toparyň ilkinji altyn medalyndan soň, ýüregi durup ýykylandan soň, janköýerleriň duýgulary has ýokarlandy.
Olimpiýa oýunlaryndaky boks boýunça Özbegistanyň dünýäde güýçlenmegine goşant goşan Kiliçewe Britaniýanyň boks toparynyň lukmanlary wagtynda kömek berdiler. Ol indi Parižiň keselhanasynda bolsa gerek.
Agyr agram boýunça Özbegistanyň ýygyndy toparynyň ýyldyzy Bahodir Jalolow özüniň ikinji olimpiada altynyny halypasyna bagyşlap, Kiliçewe «tälimçiden ýa-da atadan ileri» diýdi.
Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji güni judoda gazanylan altyndan soň, Gazagystan başga ýokary üstünlige ýetip bilmese-de, goňşularynyň üstünlikleri barada, internetde köp öwgüler aýtdylar.
Şonuň bilen birlikde, Gazagystanyň resmileri 2023-nji ýylda sporta 660 million dollara golaý pul bölüp berendigini aýdandan soň, käbir pikirler içki barlaglar bilen utgaşdy. Olaryň sporta harçlan puly goňşy Özbegistandan 3 esse köp.
Ozalky Olimpiýa oýunlarynda şeýle jomartlyk Astana köp sanly medallary gazanmaga ýardam edipdi.
Ýöne bu topar Parižde diňe bir altyn, üç kümüş we üç bürünç medal gazandy. Gazagystan medal sany boýunça 43-nji orunda, ýany Özbegistanyň 30 orun aşakda. Bu 2002-nji ýylda Sidneýde Gazagystanyň iň gowy gazan netijesinden hem 21 orun pesde.
Iki kümüş we dört bürünç medal alan Gyrgyzystany sporta köp pul çykarmakda aýyplap bolmaýar.
Grek-rim göreşi boýunça Parižde bürünç medalyň eýesi bolan Uzur Juzupbekow habarçylara gyrgyz Olimpiýa toparynda ne dietologyň, ne-de psihologyň bardygyny aýtmagy, öz ýurdunda gazaply reaksiýa döretdi.
Maşgalasy bilen Gyrgyzystanyň günortasyndaky ýatakhanada ýaşaýan Munarbekiň şahsy türgençisiniň howandarlyk edýän okuwçysynyň üstünligine begenjiniň wideo ýazgyda ýaýramagy hem tankyt bilen utgaşdy. Gyrgyz resmileri tälimçiden tapawutlylykda, Oýunlara gitmäge mümkinçilik tapypdyrlar.
Şol wagtda, goňşy Täjigistanyň atletleri Parižde bürünç medallaryň üçüsini – ikisini judodan we birini boks boýunça aldylar. Bu olaryň iň gowy netijesi, ol 2012, 2016 we 2020-nji ýyllarda geçirilen Oýunlarda gazanylan baýraklardan has köp boldy.
Aşa awtoritar Türkmenistan hiç bir ýeňiş gazanmady. Öňden däp bolan bu şowsuzlygy diňe bir gezek Tokio Olimpiadasynda agyr atletikaçy Polina Gurýewa kümüş medal gazanmak bilen üýtgedipdi.
Degişli maglumat Salam, Dogan! Türkmenistanda aýal-gyzlaryň sport bilen meşgullanmak mümkinçiligi “örän çäkli bolmagynda galýar”Prezident Serdar Berdimuhamedow nobatdaky şowsuzlyga reaksiýa bildirip, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Allaberdi Saparowa “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin” berk käýinç yglan etdi diýip, döwlet maglumat serişdeleri 8-nji awgustda habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.