2007-nji ýyldan soň amala aşyrylan bölekleýin, ilki biraz umyt beren özgertmelere garamazdan, "türkmen bilimindäki ýagdaý dowamly durgunlaşyp, ýurdy öz içine sorýan para we parhsyzlyk batgalygyna öwrüldi" diýip, aşgabatly pedagog Azatlyk bilen anonim söhbetdeşlikde aýtdy. Onuň pikiriçe, häkimiýetler bu meseläni ne görmek, ne-de çözmek isleýär. Şu aralykda, bilimde emele gelen agyr ýagdaýy agzamasa-da, Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda bu ugurdaky iň uly kadr çalyşmasyny geçirdi, prezidentiň oglunyň Angliýada okap, syýasy ylymlar we halkara gatnaşyklary boýunça bakalawr derejesini alandygy mälim boldy.
Resmi habara görä, türkmen prezidenti fewral aýynda bellän bilim ministri Baýramgül Orazdurdyýewany ulaldyp, hökümet başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary wezipesine belledi. Ol öňki bilim ministri Gurbangül Ataýewanyň ornuna geçirilmezinden öň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, ýurtda parahorlugyň çuň ornaşan okuw jaýlarynyň biriniň rektory bolup işläpdi.
Maglumat üçin aýdylsa, 2017-nji ýylda TDU-nyň ozalky rektory Gurtnyýaz Hanmyradowyň 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi aýan boldy. Ol ilki işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin diýlip wezipesinden boşadylypdy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilimdäki para garşy yglan eden göreşiniň iň görnükli mysaly 2009-njy ýylda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýüze çykarylan parahorlyk boldy. Türkmen mediasy bu institutyň rektory Aýna Gurbannyýazowanyň “gös-göni gatnaşmagynda” jemi sekiz adamdan 119 müň amerikan dollary möçberinde para alnandygyny” habar berdi. Ýöne Gurtnyýaz Hanmyradowyň işi barada bu hili habarlar berilmedi.
Ýogsa uly Berdimuhamedow parada tutulandygy aýdylýan rektor baradaky habardan soň “halal işlemek, bednebis bolmazlyk” nesihatyny berdi, telewideniýede parada tutulan diýilýän dekanyň, Toýly Baýramowyň ‘tobasy’ görkezildi.
Synçylaryň käbiri şondan soň ÝOJ-lara para bermän girendigini aýdyp bilýän ýaşlaryň, çagasynyň okuwa girer öýtmese-de girendigini aýdýan ene-atalaryň köpelendigini aýdypdy.
12-nji iýuldaky habarda bilime jogap beren wise-premýer Nurmuhammet Amannepesowyň başga işe geçýändigi aýdyldy, emma onuň işlän döwrüne hiç bir baha berilmedi.
Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory bolup işlän Jumamyrat Gurbangeldiýew bilim ministri, Gülşat Ýusupowa Halkara gatnaşyklary institutynyň, Orazgeldi Öwezsähedow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory wezipelerine bellendi. Emma bu resmileriň öňki işlän ýerlerindäki okuw, para ýagdaýlary barada hiç bir gürrüň edilmeýär.
Şol bir wagtda, prezident Parahat Orazowy, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin diýip, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşatdy we, synçylaryň aýtmaklaryna görä, bilim pudagyndaky jogapkär işgärleriň ‘düýpli kemçilikleriniň’ anyklaşdyrylmazlygy häkimiýetleriň haýsydyr bir utançly ýagdaýlary gizleýändigini yşarat edýär.
Degişli maglumat Bilim başlyklary täzelendi, sebäbi aýdylmady. Hünärmenler pudagyň 'çökendigini' aýdýarlarÜzňelik we ýapyklyk syýsaty bilimi yza çekýär
Şol bir wagtda, bilim hünärmenleri ýurtda ornaşan "üzňelik syýasatynyň, interneti berk petik astynda saklamak ýaly agyr çäreleriň okajak ýaşlaryň we mugallymlaryň maglumat elýeterliligini gaty gözgyny ýagdaýa salandygyny" aýdýarlar.
Aýdylmagyna görä, bu ýagdaý has hem fundamental ugurly ÝOJ-lara (takyk, tebigy we ykdysady-sosial hünärler) örän ýaramaz täsir ýetirýär.
“Munuň üstesine, ‘durnanyň üstüne urna’ diýen ýaly, yzy üzülmeýän syýasy we döwlet çäreleri, lybas talaby, dürli görnüşli çäklendirmeler halypalary we şägirtleri okuwdan daşlaşdyrýar, studentleri taýýarlaýyş prosesini bolsa iň wajyp närseden - akademiki erkinlikden - mahrum edýär” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy we iň bir repressiw we diýdimzor režimlerde hem progressiw pikirleriň ilkinji nobatda ÝOJ-lardan, studentleriň, professor-mugallymlaryň arasyndan çykandygyny, emma Türkmenistanda bu hili pikirleriň çykmagyna uly päsgelçilik döredilýändigini sözüne goşdy.
“Bu bir uly tragediýa!" diýip, Milli konserwatoriýada işleýän mugallyma aýtdy.
Marynyň döwlet energetika institutynyň, Lebabyň Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň pedagoglary hem ýokary bilim ulgamynda emele gelen çuň krizisiň ýykgynçylykly netijelerini tassyklap, 2023-nji ýylda dalaşgärleriň azalandygyny tassyk etdiler.
Energetika institutynyň mugallymynyň anonim şertde aýtmaklaryna görä, geçen okuw ýylynda 1 student ýerine dalaş edenleriň sany bary-ýogy 1,5-2 adam töweregi bolupdyr, Seýdi adyndaky mugallymçylyk mekdebinde bolsa bu görkeziji aýry-aýry ugurlar boýunça 1-den hem geçmändir.
"Geçen okuw ýylynda ÝOJ-ymyzda taryhda ilkinji gezek "nedobor", ýagny degişli hünär boýunça döwlet tarapyndan tassyklanan kabul ediş sanyndan hem az studenti okuwa kabul etmek howpy döredi. Onsoň, etrap bilim bölümleriniň üsti bilen, welaýatyň aýry-aýry mekdeplerine jaň edip, "nedobor" howpy abanýan hünärler boýunça, "parasyz" bolsa-da, gyssagly okuwçy tapmak tabşyryldy” diýip, lebaply pedagog gürrüň berdi.
Onuň pikiriçe, bu hili ýagdaýyň döremeginiň esasy sebäbi, birinjiden, okuwlaryň tas dolulygyna tölegli esasa geçilmegi, ikinjiden, bilimdäki korrupsiýanyň juda "Pul bermeseň, okuwa girip bolmaýar"çuňlaşmagy bilen bagly.
Degişli maglumat Ahally, balkanly ýaşlara Türkmenabatda okamak şerti döreýär, 'parasyz bilim' myş-myşy köpelýär"Pul bermeseň, okuwa girip bolmaýar"
Azatlygyň Lebapdaky habarçysynyň şu hepde beren maglumatyna görä, häzir sebitde ‘bu ýyl okuwa parasyz girmek mümkinçiligi uly boljakmyş’ diýen myş-myşlar ýaýradylýar. Emma lebaply pedagog "Pul bermeseň, okuwa girip bolmaýar" diýen ynanjyň il içinde gaty berk ornaşandygyny öňe sürýär.
“Metbugatda tankydy pikirlere düýpden orun ýok, hiç bir problema gozgalmaýar, bu ilatda adalata bolan inçejik umydy hem puja çykarýar" diýip, lebaply pedagog öz pikirini aýtdy.
Bilimdäki para, hünärmenleriň köpüsiniň tassyklamagyna görä, diňe ÝOJ-laryň meselesi hem däl we, 1970-nji ýyllardan soň bolşy ýaly, mekdeplerde berilýän bilimiň derejesi hem ýyl-ýyldan peselýär.
"Okuwa gelýän studentleriň 80-90% fizikany, 60-70% matematikany hünär derejesinde bilmeýär. Informatika dersi boýunça hem studentleriň ýarysyndan köpüsiniň bilim derejesi gaty pes. Muny görýän mugallymlaryň köpüsi işe bolan höwesini ýitirýär we para ýa sowgat beren studentlere "kör üçlük ýa dörtlük" basyp goýberýär. Akademiki etikadan ýa erkinlikden nam-nyşan galmaýar, hemme zat doly degradasiýa derejesine geldi" diýip, döwlet energetika institutynyň mugallymy Azatlyga aýtdy.
Diňe ýagdaýyň agyrdygyna düşünýän we ýurduň geljegini alada edýän pedagoglar däl, habarçymyz bilen gürleşen studentler hem öz nägileliklerini dile getirdiler.
Anonimlik şertinde gürleşen studentleriň pikiriçe, bilim ulgamyndaky iň esasy negatiw faktorlar lybas we daş keşp talaby, yzy üzülmeýän çäreler, mugallymlaryň we ene-atalaryň fiziki we ruhy sütemi ýa-da biparhlygy bilen bagly.
Mekdep binalary köne, okuw kabinetleri ýetmeýär, tebigy we takyk ugurlar boýunça laborator we amaly işler diňe kagyz ýüzünde geçirilýär, mekdeplerde internet ulgamy ýok ýa-da gaty çäkli, hajathanalar gözgyny ýagdaýda, bedenterbiýe dersinden soň suwa düşer ýaly duş ýok, oba mekdepleriniň bir toparynda naharhana hem ýok diýip, söhbetdeşlerimiz aýtdy.
Şol bir wagtda, okuwçylar erkin pikir aýtmak mümkinçiliginiň düýpden döredilmeýändigini, sapaklarda bahalaryň köplenç adalatsyz, para-peşgeş esasynda goýulýandygyny gürrüň berdiler.
Azatlygyň habarçysy aýry-aýrylykda birnäçe edara ýolbaşçysy bilen hem söhbetdeş boldy we olar ÝOJ-lary tamamlap gelen studentleriň aglabasynyň köplenç öz hünäri boýunça işlemäge umuman taýýar bolman gelýändigini gürrüň berdi. Bu ýagdaý ýurduň dürli edaralarynda öz işini bilýän ýaşuly adamlaryň pensiýa çykanlaryndan soň hem çagyrylyp, ýaşlaryň başarmaýan işlerinde ulanylmaklaryna alyp gelýär.
Nebit-gaz pudagynda bölüm müdiri bolup işleýän 55 ýaşlaryndaky hünärmeniň aýtmagyna görä, onuň bölümine ýylda 1-2 instituty täze tamamlan uçurym işe iberilýär.
"Gaz zawodyna işe gelýän "inžener" maddanyň näçe sany agregat halynyň bardygyny ýa-da gazlaryň dürli temperaturalarda nähili özüni alyp barşy barada hiç zat bilmeýär, başga näme sorajagyňy hem bilmeýärsiň" diýip, hünärmen öz bölümine gelýän ýaş "hünärmenleriň" aglabasynyň diňe "otrabotka" wagty gutarýança işläp, soň polisiýa, MHM ýa-da daşary ýurda işe gidýändigini gürrüň berdi.
Degişli maglumat Bilimdäki para okajak çagalaryň egninden basyp, 'täze belentliklere' göterilýärÝurduň himiýa senagatynda ýolbaşçy bolup işleýän hünärmen ikiçäk gürrüňdeşlikde himiýa ugrundan okuwyny tamamlap gelen talyplaryň himiýa derisiniň iň ýönekeý düşünjelerinden we taglymatlaryndan hem baş çykaryp bilmeýändiginden zeýrendi.
"Masgara we ýene bir gezek masgara! Tebigy kislotalary, oksidiň gidroksidden tapawudyny bilmeýän "ýokary bilimli hünärmenler" işe gelýär, institutdaky mugallymlar, ýa-da bilim ministrligi görmeýärmikä? Bu gidişde ykdysadyýet dargar ahyryn!" diýip, Türkmenabadyň himiýa zawodynda işleýän hünärmen aýtdy.
Mesele ýaşlarda däl, mesele ulularda...
Ýurduň medisina, bilim ulgamlarynda işleýän we pikirini aýdan emeldarlar hem ÝOJ-lary gutaryp gelýän "ýaş hünärmenleriň" hünär taýýarlygynyň gaty pesdigini öňe sürýärler.
"Mesele ýaşlarda däl, mesele ulularda, döwlet ýolbaşçylarynda” diýip, anonimlik şertinde gürleşen emeldar özüniň ýaş hünärmenleri kän köteklemek islemeýändigini belledi. “Işlerini bilmeýän hünärmenler bilen gürleşip görýärin, ‘aaý, başlyk, nätjek, her hepde saglyk ýoly, at çapyşyk, çäre, ýygnak, …okuwa diňe depder barlatmaga ýa mugallymdan baha almaga barýardyk" diýýärler. Bu mesele metbugatda gozgalmaly, iň ýokarky ýolbaşçylaryň gözegçiliginde bolmaly, emma olar ýurduň bilim, ylym ulgamyndaky degradasiýany ýaşyryp saklajak bolýarlar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Serdar Berdimuhamedowyň ogly Kerimgulynyň Angliýada okap, syýasy ylymlar we halkara gatnaşyklary boýunça bakalawr derejesini alandygy baradaky habara gelsek, bu ýagdaý türkmen elitasynyň wekilleri üçin uly täzelik däl. Olar daşary ýurtlaryň iň ýokary tölegli okuw jaýlarynda hem aladasyz okap, islän wagtlary Aşgabada uçup gelip bilýärler.
Häkimiýete ýakyn we dürli ýeňilliklerden peýdalanýan adamlaryň çagalary daşary ýurtlarda okap, soň ýurtda dürli wezipelerde işläp, emläkleri baradaky maglumatlary ýaşyrmak bilen, gurply we täsirli adamlara hem öwrülip bilýär. Emma daşary ýurtlarda okap, gowy bilim alan ýaşlar babatynda hem deňligiň, adalatyň ýokdugy aýdylýar. Netijede, ýurtdaky korrupsiýadan goranmak mümkinçiligi az bolan türkmenistanlylaryň köpüsi daşary ýurtlarda işlemäge galýar diýip, ýewropa ýurtlarynyň birinde işleýän türkmen hünärmeni aýtdy.
Döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugaty soňky otuz ýylda dörän beýni göçüniň sebäpleri barada hiç bir maglumat çap etmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.