Bilim başlyklary täzelendi, sebäbi aýdylmady. Hünärmenler pudagyň 'çökendigini' aýdýarlar

Bilim ministliginiň binasy

Türkmen prezidenti 12-nji iýulda fewral aýynda bellän bilim ministri Baýramgül Orazdurdyýewany wezipesinden boşadyp, hökümet başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary wezipesine belledi. Ol öňki bilim ministri Gurbangül Ataýewanyň ornuna geçirilmezinden öň TDU-nyň rektory bolup işläpdi. Hünärmenler şol bir kadrlary ondan-oňa geçirmegiň ýagdaýy üýtgetmejekdigini, emele gelen agyr ýagdaýyň açyk boýun alynmalydygyny aýdýarlar.

Ozalky wise-premýer Nurmuhammet Amannepesowyň başga işe geçýändigi, bilim ministri wezipesine türkmen DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rectory bolup işlän Jumamyrat Gurbangeldiýewiň bellnendigi habar berilýär. Şeýle-de, Gülşat Ýusupowa Halkara gatnaşyklary institutnyň, Orazgeldi Öwezsähedow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory wezipesine bellendi.

Bu kadr çalyşmalary ÝOJ-larda başlanmaly giriş synaglarynyň öň ýanyna gabat geldi. Ýöne resmi habarda bilim pudagyndaky we beýleki ugurlardaky ýolbaşçy çalyşmalarynyň mümkin bolan sebäpleri aýdyňlaşdyrylmaýar. Şol bir wagtda, resmileriň ýylyň alty aýynyň işi boýunça beren hasabatlarynda, öňki prezident döwründe hem bolşy ýaly, diňe uly ösüş sanlary getirildi we hökümet ýolbaşçysy olary kanagatlanma bilen kabul etdi. Emma muňa garamazdan, Azatlyk bilen gürleşen hänärmenler ‘bilimde kanagatlanar ýaly ýagdaýyň ýokdugyny’ öňe sürýärler.

Degişli maglumat Daşary ýurt diplomlaryny ykrar etdirmek möwsümi batlanýar, parahorlyk ýokary bilime kölege salýar

“Bu kadr çalyşmalary häkimiýetleriň üzňelik, ýapyklyk, …ylym-bilim pudagyndaky problemalary boýun almazlyk "keseli" sebäpli, ýurdy bilimdäki çökgünligiň ýykgynçylykly netijelerinden halas edip bilmeýär” diýip, aşgabatly hünärmen Azatlyga aýtdy.

Habarçymyz bilen aýry-aýrylykda gürleşen birnäçe pedagogyň tassyklamagyna görä, ýurduň bilim we ylym pudagyndaky ýiti kadr we guramaçylyk krizisi türkmen ÝOJ-larynda okamak isleýän ýaşlaryň düýpli azalmagyna getirýär.

“2023/2024-nji okuw ýylyndaky kabul ediş möwsüminde diňe bir biziň institutymyzda däl, kärdeşlerimiň aýtmaklaryna görä, ýurduň beýleki ÝOJ-larynda hem okuwa girmäge arza tabşyran dalaşgärleriň sany göz-görtele azaldy” diýip, anonimlik şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.

“Öňki ýyllarda inženerçilik ugurlaryna 1 student ýerine 5-6 adam dalaş eden bolsa, geçen ýyl bu görkeziji ortaça 2-3 adamdan geçmedi, käbir inçe we kyn tilsimat ugurlary boýunça dalaşgärleriň sany 1 student ýerine ortaça 1-1,5 adamdan geçmedi. Hatda, il arasynda "elita üçin" diýilýän ugurlara, ýuridiki, ykdysadyýet we dolandyryş, taryh hünärleri boýunça öňler 1 student ýerine 10-15 oglan-gyz dalaş eden bolsa, geçen ýyl 1 student ýerine dalaş eden ýaşlaryň sany köp halatlarda 3-den, aňry gitse 4-den geçmändir" diýip, gurluşyk we binagärlik institutynyň pedagogy aýtdy.

Azatlyk bilen gürleşen pedagoglar 2023-nji ýyldaky tendensiýalaryň bu ýyl hem saklanyp galmagynyň ähtimaldygyny, sebäbi olaryň sebäpleriniň saklanyp galýandygyny aýdýarlar.

“Okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlaryň sanynyň azalmagynyň birnäçe esasy sebäbi bar, ýöne olaryň birinjisi korrupsiýa, okuwlaryň tas ählisiniň tölegli esasa geçirilmegi, studentlere girizilýän çäklendirmeleriň aşa köpeldilmegi bilen bagly” diýip, Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy aýtdy.

"Bilimdäki parahorlugyň nähili derejelere ýetendigi hiç kim üçin syr däl, ýöne soňky ýyllarda tas ähli hünärler boýunça okatmak dolulygyna tölegli esasa geçirilýär. Şu sebäpden ýaşlar para berip, tölegli okuwa girenlerinden Türkiýäniň, Hindistanyň, Hytaýyň we beýleki ýurtlaryň ÝOJ-laryna girenlerini has gowy görýärler” diýip, hünärmen has gowy bilim almak isleýän ýaşlary häkimiýetleriň girizýän dürli emeli çäklendirmeleriniň-de, maliýe we dil kynçylyklarynyň-da ýoldan saklap bilmeýändigini sözüne goşdy.

Türkmen ýaşlaryny Türkmenistandaky ÝOJ-lardan barha kän daşlaşdyrýan ýene bir mesele bolsa, hünärmenleriň tassyklamagyna görä, ‘geýim-eşik’ kody bilen bagly.

“Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleninden soňky ýyllarda we häzir ýurtda lybas, "ahlak" we daş-keşp talaplary, beýleki çäklendirmeler studentlerimiziň durmuşyny baryp ýatan dowzaha öwürdi. Biçäre studentler okuwa gelene däl-de, türme tussaglygyna höküm edilen bendileriň barlag nyzamyna çykarylana meňzeýär” diýip, TDU-nyň muagllymy aýtdy.

Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamyndaky iň esasy meseleler, Milli konserwatoriýanyň mugallymynyň pikiriçe, ýiti kadr ýetmezçiligi, maglumat garyplygy, mugallymlaryň we studentleriň pes taýýarlygy we akademiki erkinligiň ýoklugy bilen bagly.

“1995-nji ýyldan soň ýokary bilim alan, pedagog bolup galan mugallymlaryň aglabasy, gynansagam, …öz üstünde ýeterlik işlemeýär, olar mekdepden pes bilimli gelýän studentlerde okuwa motiwasiýa we isleg döredip bilmeýär. Konserwatoriýanyň ýolbaşçylary bu ýagdaýy bilseler-de, hiç bir çözgüt tapyp bilmeýär, sebäbi ýurtda ähli mesele ýokardan, ataly-ogul Berdimuhamedowlar tarapyndan çözülýär. Beýleki ÝOJ-larda hem ýagdaý biziňkiden öwerlik däl” diýip, Milli konserwatoriýanyň anonimlik şertinde gürleşen mugallymy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.