Öňki prezident 7-nji dekabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi.
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy mejlisde öz adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky karara we Gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşi baradaky düzgünnama gol çekdi.
Şeýle-de, Berdimuhamedow, kada-kanunçylyga laýyklykda, gaznanyň Tertipnamasyny hem-de müdiriýetiniň düzümini öz Karary bilen tassyklaýandygyny aýdyp, iki sany wise-prezident wezipesini döredendigini yglan etdi.
Olar gaznanyň bejeriş işleri boýunça hem-de senagat ugry boýunça wise-prezidenti wezipelerinden ybarat.
Habarda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti wezipesine Oguljahan Atabaýewanyň, iş dolandyryjysy wezipesine Hajymyrat Hajymyradowyň, media habarlar wekili wezipesine bolsa Azat Jepbarowyň teklip edilýändigi aýdyldy.
Oguljahan Atabaýewa ýaňy-ýakyna çenli Türkmenistanyň Londondaky ilçihanasynda geňeşçi bolan Döwlet Atabaýewiň aýaly bolup, bu jübüt ýurda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň başlanmagy bilen dolandy diýip, “Turkmen.news” neşiri öz çeşmelerine salgylanyp ýazýar.
Uly we kiçi Berdimuhamedowlaryň maşgala agzalary baradaky maglumatlar, olaryň işi we durmuşy, emläkleri baradaky jikme-jiklikler döwlet eýeçiliginde çykýan metbugatda çap edilmeýär.