“Berdimuhamedowlaryň maşgalasyndan biri bilen dawalaşamdan soň, Türkmenistandan çykmaly boldum”

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanly Talyp Abasow eýýäm alty ýyl çemesi bäri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşaýar. Ol Türkmenistanda hususy bir kompaniýanyň ýolbaşçysy bolan wagty, häkimiýet başyndaky Berdimuhamedowlar maşgalasynyň agzalarynyň biri bilen bolan konfliktden soň, dowamly yzarlanmalara sezewar edilendigini aýdýar. Bu basyşlaryň netijesinde, ol watanyny terk edip, Birleşen Ştatlara aşdy. Köp sanly kynçylyklary çekendigine garamazdan, ol täze ýurtda mesgen tapandygyny aýdýar, şeýle-de häzir Türkmenistandaky bolýan bidüzgünçilikleri tutuş dünýä ýetirmegi maksat edinýändigini belleýär.

Wideo: Migrant-Media