Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 27-nji noýabrda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň başlygy Pia Kaumany kabul etdi, ol Türkmenistana “ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly” atly maslahata gatnaşmak üçin sapara gelipdir.
Habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, taraplar ykdysady ösüş, energiýa serişdeleriniň dürli ugurlar boýunça durnukly iberilmegini üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.
Duşuşyk wagtynda ýurtdaky adam hukuklary ýagdaýynyň agzalyp-agzalmandygy aýdylmaýar.
Adam hukuklaryny goraýjylar oktýabr aýynyň başynda, ÝHHG-niň Warşawada geçiriljek nobatdaky maslahatynyň öň ýanynda Türkmenistandaky bikanunçylyklara ünsi çekdiler.
Degişli maglumat Hukuk goraýjylar ÝHHG-niň baş sekretaryny Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekden saklanmaga çagyrýar