Berdimuhamedow bilim boýunça wise-premýeri täzeledi we beýleki kadr çalşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda geçirilen Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň bilim, saglyk, sport we ýaşlar meselelerine gözegçilik edýän wise-premýeri çalyşdy we başga-da käbir kadr çalşyklaryny geçirdi.

2022-nji ýylda bu wezipä bellenen Nurmuhammed Amannepesowyň “başga işe geçmegi sebäpli”, bu wezipeden boşadylandygy aýdyldy, emma onuň täze iş ýeri aýdyňlaşdyrylmady. Bu wezipä ýurduň bilim ministri bolan Baýramgül Orazdurdyýewa bellenildi.

Täze bilim ministri Halkara gatnaşyklar institutynyň ozalky rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew boldy. Institutyň täze rektory hökmünde, onuň öňki prorektory Gülşat Ýusupowa bellenildi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň täze rektory Orazgeldi Öwezsähedow boldy.

Şeýle-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory Orazow Parahat “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” diýen kesgitleme bilen wezipesindne boşadyldy, onuň ornuna Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň öňki prorektory Batyr Mämmedow bellenildi.

Mundan başga-da, “başga işe geçmegi sebäpli”, Türkmenistanyň dokma senagaty ministri Resul Rejepow bu wezipeden boşadyldy we onuň deregine Nurmuhammet Orazgeldiýew bellenildi.

Ogulhajat Işangulyýewa, “pensiýa gitmegi sebäpli”, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu edaranyň täze ýolbaşçysy Akjemal Durdyýewa boldy.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy hem täzelendi. “Saglyk ýagdaýy sebäpli” bu wezipeden gidendigi aýdylan Arslan Aşyrowyň deregine, “Aşgabat” kanalynyň öňki başlygy Meýlis Rejepow bellenildi.