Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň adynyň uzakdan görünmeligini aýdýar

Bezeg suraty

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň taslamalary bilen tanşyp, bu şäheriň Köpetdagyň belent gerişleriniň birinde ýazyljak adynyň uzaklardan görünmelidigini aýtdy.

Türkmen metbugaty öňki prezidentiň bu ýerde guruljak muzeýiň we baş metjidiň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we şekil taslamalary bilen tanşandygyny, Arkadag şäheriniň Köpetdagyň belent gerişleriniň birinde ýerleşdiriljek adynyň ýazgysynyň görnüşlerini görendigini habar berýär.

Ol, habarda aýdylmagyna görä, ýazgynyň uzaklardan görünmelidigini, özüne çekiji bolmalydygyny, aýratyn-da, ýazgynyň yşyklandyryş ulgamyna häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda çemeleşilmelidigini belledi.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda 110 sany ýaşaýyş jaýynyň, 9 sany çagalar bagynyň we 5 sany umumy bilim berýän mekdebiň guruljakdygy aýdylýar.