Benzin gytçylygy dowam edýär

"Türkmennebitönümleri" (TNÖ) kärhanasynyň bir ýangyç bekedi. Arhiwden alnan surat.

Türkmenistanda awtomobil ýangyjynyň ýetmezçiligi dowam edýär, ýangyç beketleriniň öňünde awtoulag nobatlary emele gelýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň günorta-gündogar sebitlerindäki ýangyç guýujy beketlerde A-92 we A-80 görnüşli ulag ýangyjynyň asla elýeterli däldigini habar berýärler. Ýurduň demirgazyk Daşoguz welaýatynda düşürilip, sosial mediada paýlaşylan bir wideoda bolsa, bir ýangyç bekediniň öňünde emele gelen awtoulag nobatyny görmek bolýar.

“Käbir ýangyç bekedinde diňe A-95 benzinini satyn alyp bolýar, şeýle beketleriň öňünde ulag nobatlary emele gelýär. A-95 diňe belli-belli, sanagly stansiýada tapdyrýar” diýip, bir sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýerli ulag sürüjilerine görä, Mary – Aşgabat gara ýolunyň ugrunda ýerleşýän iki sany ýangyç bekedinde, Baýramaly şäherine barýan şa ýoluň ugrundaky bir beketde we Murgap etrabyna barýan ýoluň ugrundaky ýene bir beketde A-95 görnüşli awtomobil ýangyjyny satyn alyp bolýar. Ýöne bu beketleriň öňünde ulag nobatlary saklanyp galýar.

Degişli maglumat Türkmenistanyň Hazar deňzindäki nebit platformalarynyň birinde ýangyn döredi

Şol bir wagtda, ýerli sürüjiler günorta-gündogar sebitde ýerleşýän ýangyç guýujy beketlerde EKO-93 kysymly awtoulag benzininiň giňden elýeterli bolandygyny aýdýarlar. Benziniň bu görnüşiniň bir litri 2 manatdan satylýar. A-95 benzininiň bir litri bolsa 1 manat 50 teňňeden satylýar.

“Köp adam 2 manat töläp, benzin satyn almaga ýagdaýymyz ýok diýip, A-95 görnüşli benzin satylýan ýangyç beketlerinde nobata garaşmagy saýlap alýarlar. Benziniň bu görnüşine talap ýokary bolansoň, ulag nobatlary hem ulalýar” diýip, bir maryly sürüji aýdýar.

Daşoguz welaýatynda ýerleşýän bir ýangyç stansiýasynyň öňünde düşürilip, sosial mediada paýlaşylan bir wideoda benzin nobatyna garaşýan ençeme ulagy görmek bolýar. Bu wideo hereket edip barýan awtoulagyň içinden düşürilipdir we ýangyç bekediniň öňünde nobata garaşýan ençeme awtomobil ulaglaryny görkezýär.

Degişli wideo Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda, 157 belgili ýangyç guýujy bekediň öňünde düşürilipdir, nobata garaşýan ulaglaryň döwlet belgileri DZ belgisi bilen başlanýar.

Wideo maglumatda bu stansiýada satylýan ýangyjyň resmi bahalaryny hem görmek bolýar.

Maglumata görä, bu stansiýada EKO-93 kysymly awtomobil ýangyjynyň bir litri 2 manatdan, A-95 ýangyjynyň litri 1 manat 50 teňňeden, A-92 benzini 1 manat 35 teňňeden, A-80 benzini 1 manat 15 teňňeden, şeýle-de dizel ýangyjy 1 manatdan satylýar.

Degişli maglumat Nebit önümleriniň eksporty ýokarlanýan mahaly, ýurt içinde benzin gytçylygy saklanýar

Ýangyç serişdelerine baý Türkmenistanda benzin gytçylygy indi ençeme wagt bäri dowam edýär. Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçysy awgustyň başlarynda Mary welaýatynda A-80 görnüşli benziniň her bir ulaga 20 litrden artyk satylmaýandygyny habar berdiler. Şondan 10 gün çemesi wagt ozal, Lebap welaýatynda her bir ulaga berilýän awtoulag ýangyjy 10 litr hökmünde çäklendirildi.

Ýurt içinde emele gelen benzin gytçylygy ulag ýangyjynyň daşary ýurtlara eksport möçberleriniň artdyrylýan pursatlaryna gabat gelýär.

Döwlet-haryt çig mal biržasy Türkmenistanyň nebit önümleriniň daşary ýurt döwletlerinden bolan işewürleriň arasynda uly islegden peýdalanýandygyny hasaba alýar.

Bu aralykda, Türkmenistan geçen ýylyň dowamynda Ýewropa Bileleşigine nebit önümleriniň eksportlaryny 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende üç esse çemesi artdyrdy. Media maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylda Türkmenistan Ýewropa Bileleşigine bahasy 1 milliard 50 million ýewro möçberinde nebit önümlerini eksport etdi. 2019-njy ýylda Türkmenistan bu ugur boýunça 334 million ýewrolyk nebit önümlerini eksport edipdir.

Ýangyç serişdelerine baý Türkmenistanda soňky aýlarda benzin gytçylygy ýitileşip başlady. Azatlyk Radiosynyň habarçylary iýun aýynyň ahyrlarynda Lebap we Mary welaýatlarynda, iýul aýynyň başlarynda bolsa Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde benzin gytçylygynyň emele gelendigini habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.