Belli täjik žurnalisti Ahmad Ibrohimiň tussag edilendigi aýdylýar

Ahmad Ibrohim (arhiw suraty)

Täjigistanyň günortasyndaky Kulob şäherinde polisiýa, korrupsiýa bilen ilteşikli aýyplamalar esasynda, belli žurnalist Ahmad Ibrohimi tussag etdi. Geçen dynç günleri bolan bu waka barada Täjigistanyň kanun goraýjy edaralaryndaky birnäçe çeşme Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Çeşmeleriň maglumatyna görä, Paik (Habar) garaşsyz gazetiniň 62 ýaşly baş redaktory 12-nji awgustda tussag edilipdir. Onuň, hamala, öz neşirini täzeden hasaba aldyrmak üçin, ýerli bir resmä para teklip edendigi aýdylýar.

Täjik resmileri žurnalistiň tussag edilmegi barada entek habar bermediler.

Soňky ýyllaryň dowamynda, Täjigistanda ençeme žurnalist, adam hukuklaryny goraýjylar we oppozisiýa syýasatçylary, hukuk toparlarynyň syýasy matlaplydygyny aýdýan aýyplamalary esasynda uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edildiler.