30-njy iýulda Belarusyň diýdimzor dolandyryjysy Aleskandr Lukaşenka, geçen aý belarus sudy tarapyndan terrorçylyk aýyplamalary esasynda ölüme höküm edilen, Germaniýanyň raýaty Riko Kriegeriň günäsini geçdi.
Lukaşenkanyň edarasynyň maglumatyna görä, bu baradaky karar Kriegerden degişli arzanyň gowşan güni kabul edilipdir. Başga goşmaça maglumat berilmedi.
Adam hukuklaryna gözegçilik Wýasna toparynyň şu aýda Krieger barada habar bermezinden öň, onuň işi kän bilinmeýärdi.