Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygyna “berk käýinç” berildi

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Saparow Allaberdi Orazmämmedowiçe berk käýinç yglan edildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu baradaky buýrugy 8-nji awgustda çap boldy.

Maglumatda munuň Saparowyň “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin” berlendigi bellenilýär. Başga goşmaça maglumat berilmeýär.

Bu Pariždäki tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik eden alty türgeniň medal alyp bilmezliginiň arasynda bolup geçdi. Ýöne “berk käýinjiň” türkmen türgenleriniň Olimpiýa oýunlaryndaky çykyşy bilen bagly bolup-bolmandygy takyklaşdyrylmaýar.

Saparow 2023-nji ýylyň iýulynda bu wezipä bellenipdi.