Täze ýylyň öňüsyrasynda, sebitara transport serişdelerine, otly we uçar gatnawlaryna agram düşýär. Paýtagtda zähmet çekip, baýramçylygy maşgala agzalary bilen geçirmäge çalyşýan raýatlar, içerki migrantlar otly biletleriniň döwlet bahasynyň üstüne goşmaça töleg töläp, sebitlere aşmaga çalyşýar.
“Otly we uçar gatnawlary bilen bagly kynçylyk ýüze çykýar. Taksiler gymmatlaýar, bildirilýän talaby ödäp bilmeýär” diýip, paýtagt Aşgabatdan hem-de Balkan welaýatyndan beýleki sebitlere aşmaga çalyşýan içerki migrantlar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.
“Aşgabat – Amyderýa we Aşgabat – Daşoguz otly gatnawlary bilen bagly başagaýlygy aýdyp düşündirer ýaly däl, tanyş tapyp, ýa-da biletleriň döwlet bahasynyň üstüne uly möçberlerde para berip otla münmeli” diýip, welaýat ýaşaýjylary aýdýar.
Degişli maglumat Mary: Taksiler öwrenişen duralgalaryndan çykarylyp, täze awtomenzile kowulýarUzynlygy 816 kilometr bolan ýurduň çägindäki iň uzyn otly gatnawy, Aşgabat – Amyderýa ýolagçy otlusy paýtagtdan ýurduň gündogar sebitlerine, Mary we Lebap welaýatlaryna ýolagçy daşaýar. 11-12 sagat dowam edýän Aşgabat – Daşoguz otlusy bolsa, Garagum çölüni kesip geçip, paýtagt Aşgabatdan demirgazyk sebitlerde ýerleşýän ilatly ýerlere, Daşoguz welaýatyna ýolagçy daşaýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy şu günler Türkmenbaşy – Aşgabat otlusyna-da biletleriň tapylmaýandygyny habar berýär.
“Ýolagçylaryň bu ugur boýunça biletleriň döwlet bahasynyň üstüne ‘prowodniklere’ ençeme esse pul berip, otlularda orun almaga çalyşýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.
Türkmenistanda, hususan-da, baýramçylyk günlerinde sebitara transport gatnawlaryna agram düşýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan raýatlar iri baýramçylyklarda bu meselä ünsi çekip gelýärler.
Bu aralykda, adatça, häkimiýetler baýramçylyk gabatlary içerki migrantlary paýtagtdan kowup çykarmak çärelerini hem güýçlendirýärler.
Şol bir wagtda, Aşgabatda zähmet çekip, baýram günlerinde öz ýaşaýan sebitlerinde maşgala agzalary bilen baýramçylyk bellemäge çalyşýan raýatlar, içerki migrantlar transport böwedine sezewar bolýar.
Şeýle problemalar iri baýramçylyklarda gaýtalanýan mahaly, bu gezek ýurduň kanun goraýjy edaralary içerki otly gatnawlarynyň bilet söwdasyny we olara ýolagçy alynmagyny gözegçilikde saklamak maksady bilen, paýtagtdaky otly menzilinde nobatçylyk işlerini artdyrypdyrlar.
Bu ýagdaý otly ‘prowodniklerini-de’ biletleriň döwlet bahasynyň üstüne goşmaça pul berip, bikanun bilet satyn almaga razy bolýan ýolagçylary-da täze çykalgalary gözlemäge iterýär.
Şeýlelikde, paýtagtdan gündogar sebitlere aşmaga çalyşýan ýolagçylar Ahal welaýatynyň Änew stansiýasyna çenli özbaşdak aşyp, şol ýerden Lebap ýa-da Mary otlusyna münýärler.
Daşoguz otlusy bolsa, Owadandepe stansiýasynda biletsiz täze ýolagçylar bilen tanyşýar.
Degişli maglumat Türkmenistanlylar demir ýollaryň çat açan böleklerine alada bildirýär“Adamlar indi Aşgabatda otly gatnawlaryna bilet tapyp bilmeseler, Lebap ýa-da Mary welaýatlaryna gitmek üçin Änew stansiýasyna, Daşoguz welaýatyna aşmak üçin bolsa, Owadandepe stansiýasyna barmalydygyny bilýärler” diýip, ýolagçylar aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri baýramçylygyň fonunda degişli ugurlar boýunça otly gatnawlarynyň sanynyň artdyrylandygyny, muňa garamazdan, biletleriň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça “Demirýollary” kompaniýasyndan teswir alyp bilmeýär.
Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolan bu kompaniýa mundan ozal otly biletleriniň onlaýn görnüşde satylyp başlanýandygyny yglan etdi. Şeýle çäreler transport pudagynda korrupsiýa hadysalaryny aradan aýyrmagy, bilet söwdasyny gözegçilikde saklamagy maksat edinipdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary otly gatnawlarynyň döwlet bahasynyň üstüne goşmaça pul tölenip, otlulara biletsiz ýolagçy alynmagynyň baýramçylyk gabatlarynda has-da ýygjamlaşýandygyny aýdýarlar.
Bu aralykda, soňky aýlarda ýurduň demir ýol pudagynda bar bolan nogsanlyklar sosial ulgamlarda raýatlar tarapyndan gozgalyp başlandy. Şeýle mazmundaky sosial media postlaryny seljeren habarçylarymyz polat ýollaryň çat açan suratlarynyň üns merkezine çekilendigini aýtdylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.