Baýramalyda hojalygynda pagta ýagyny satýan raýatlara garşy reýd geçirilýär

Polisiýa saklanan raýatlary “döwletiň hasabyna baýamakda” we “döwlet dükanlarynda ýag gytçylygyna sebäp bolmakda” aýyplaýarlar. (Arhiw suraty)

Marynyň Baýramaly etrabynda häkimiýetler hojalygynda pagta ýagyny satýan raýatlara garşy göreşýärler. Etrap polisiýa bölüminiň işgärleri saklanan raýatlary “döwlet dükanlarynda ýag gytçylygyna sebäp bolmakda” aýyplaýarlar. Türme tussaglygy bilen gorkuzylýan raýatlaryň köpüsi para bermäge mejbur edilýär.

Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaýlar barada 6-njy dekabrda sebitden maglumat beren habarçylary polisiýa işgärleriniň geçen hepdäniň ahyrynda reýd geçirip başlandygyny aýdýarlar.

Degişli maglumat Bazar nyrhyndan gymmat satylýan ýagy almadyk türkmengalalylara ýanwaryň un paýy berilmeýär

“Häzir jenaýat agtaryş gulluklary öýlere reýd geçirip, pagta çigidiniň ýagyny satýanlary gözläp, tussag edýärler we ellerinden ýaglaryny alýarlar. Tussag edilenler soraga çekilip, olardan pagta ýagyny nireden we kimden alandygy soralýar” diýip, ýagdaýlardan habarly baýramalyly ýaşaýjy anonim şertde aýtdy.

Tussag edilýän raýatlar “döwletiň hasabyna baýamakda” we “döwlet dükanlarynda ýag gytçylygyna sebäp bolmakda” aýyplanýarlar.

Ýöne habarçymyz bu raýatlaryň aglabasynyň döwlet dükanlarynda paýlanýan ýagy iýmäge dözmän, olary satyp, hojalygyna beýleki zerur harytlary satyn alýan ýaşaýjylardygyny aýdýar.

“Häzir adamlar bir düwün çörek üçin hojalyklarda pagta ýagyny satýarlar. Olaryň bir ýylyň dowamynda satýan ýagynyň möçberi 10-12 litrden geçmeýär” diýip, maryly ýaşaýjy hökümet bahasy 20 manat bolan 1,5 litr ýagyň hususy dükanlarda 25 manatdan satylýandygyny hem belledi.

Tussag edilen raýatlaryň birnäçesiniň anonim şertde habarçymyza gürrüň bermegine görä, polisiýa olary türme tussaglygy bilen gorkuzýar we olary para bermäge mejbur edýär.

“Paranyň möçberi 20 müň manada çenli ýetýär. Adamlar gorkup, bialaç bermäge razy bolýarlar. Olar indi pagta ýagyny satmajakdygy barada dilhat ýazmaga hem mejbur edilýärler” diýip, baýramalyly ýaşaýjy aýtdy.

Polisiýa işgärleri bu çäreleri “ýagyň bikanun söwdasynyň we dükanlardaky ýag gytçylygynyň öňüni almak” tagallalary bilen düşündirýärler.

Degişli maglumat Ilata paýlanan ýeňillikli ýag döwlet dükanlary tarapyndan "Arkadagyň sahawaty" atlandyryldy

Ýöne ýerli ýaşaýjylar muny “ýerli häkimiýetleriň garyp halky talap, olardan para almagynyň nobatdaky tapgyry” häsiýetlendirýärler.

"Döwlet dükanlarynyň işgärleri tarapyndan gizlin satylýan pagta ýaglary bazarlarda we hususyýetçilerde 50 litrlik gaplarda aç-açan satylýar we olara garşy hiç hili çäre görülmeýär" diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada etrap polisiýasyndan we welaýatyň Polisiýa müdirliginden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ösümlik ýagy, şol sanda pagta we günebakar ýaglary ilatyň ýeňillikli azyk paýlarynyň hatarynda saklanyp galýar. Häkimiýetler un, çörek, towuk budy ýaly harytlar bilen bir hatarda, ilaty ýag paýlary bilen kadaly üpjün edip bilmän gelýärler.

Ýurduň dürli künjeginde ilata ýag gijikdirilip paýlanýar, käte alty aýlap ýag alyp bilmeýän hojalyklar bolýar. Ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ýurtda köp hojalyk arzan bahadan satylan arassalanmadyk pagta ýagyna mätäç galýar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri döwlet dükanlaryndaky azyk ýeter-ýetmezçiligi, onuň ilata ýetirýän täsirleri barada hiç zat aýtman gelýärler.

Resmi metbugata görä, 2022-nji ýylda ýurduň çäginde pagta çigidinden ýag öndürýän ýedi kärhana işe girizildi.

Degişli maglumat MHM işgäri azyk paýlaryny ýatyrmak teklibine garşy çykan mekdep garawulyny ýygnakdan kowdy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.