Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda şu günler dilegçilik edýän pensionerleriň köpelendigini synlasa bolýar. Etrap polisiýasy esasanam Baýramaly şäheriniň bazarlarynda we olaryň töwereginde üýşýän pensionerleri kowmak esasynda, ýaşuly gatlagyň dilegçilik etmeginiň öňüni almaga çalyşýar.
“Etrap bazarlaryndan kowulýan garry eneler we atalar bir salym olara barmaýarlar. Bu döwürde olar naharhanalara, garbanyşhanalara, marketlere, dükanlara, çaýhanalara we hojalyklara gapyma-gapy aýlanýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 13-nji noýabrda gürrüň berdi.
Pensionerler bu ýerdäki işgärlerden we ýaşaýjylardan iýere azyk ýa-da sadaka bermegi soraýarlar. Olaryň arasynda aýaklary köne we deşik joraply, rezin şypbykly garrylar hem bar.
Degişli maglumat Ykdysady kynçylyklaryň arasynda dilegçilik etmäge mejbur bolýan pensioner enäniň kyssasyAzatlygyň bu ýagdaýlar barada etrap polisiýa bölüminden telefon arkaly kommentariý almak synanyşyklary başa barmady.
Hojalyk jaýynyň howlusyndaky tamdyrda somsa bişirip satýan bir baýramalyly ýaşaýjynyň sözlerine görä, mundan bir aý töweregi ozal onuň ýanyna iki pensioner ene sadaka sorap gelýärdi. Şu günki olaryň sany 10-dan geçýär.
“Olar ‘ogul men gaty aç, ýöne pulum ýok, eger mümkin bolsa, ýekeje somsa beräý’ diýýärler. Olaryň sany günsaýyn köpelýär. Ýöne olara gaty ýüregim agyrýandygy sebäpli, ýok diýibem bilemok. Olara her gün iki sany somsa berýärin. Olar köplenç birini iýýärler, beýlekisinem matadan tikilen köne sumkasyna salyp, alyp gidýärler. Käte somsa satyn almaga gelenler hem, olara gynanyp, somsa satyn alyp berýärler. Pensionerleriň käbiri bolsa, somsa iýmäge gelen adamlaryň galdyranlaryny hem iýýärler” diýip, baýramalyly ýaşaýjy aýtdy.
Pensionerleriň birnäçesi habarçymyza beren maglumatynda özleriniň 500 manada golaý pensiýalarynyň dermanlaryna, iýjek-içjegine we beýleki zerurlyklaryna ýetmeýändigini aýdýar.
“Häzir dyz agrym üçin bir sany maz aljak bolsaň, azyndan 150-200 manat tölemeli. Bu mazdan başga-da, birnäçe derman almaly. Men pensiýamy ýa dermana, ýa-da azyga bermeli bolýaryn. Şeýlelik-de, pensiýama derman satyn alyp, gündelik iýjegimi dilegçilik edip tapmaly bolýaryn” diýip, pensioner ene belledi.
Degişli maglumat Türkmenistanda dilegçiler, zibil dörýän garrylar we çagalar köpelýärIýul aýynda geçirilen hökümet ýygnagynda häzir 410 manada barabar bolan iň pes pensiýanyň 2024-nji ýylda 500 manat boljakdygy mälim boldy. Bu Merkezi bankyň kursunda 143 dollara, gara bazar bahasynda 25,5 dollara barabardyr.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli synçylaryň birnäçesi pensiýalaryň möçberiniň we olaryň döwlet tarapyndan her ýyl 10 göterim töweregi ýokarlandyrylmagynyň ilatyň bazar sebedine gabat gelmeýändigini indi ençeme ýyl bäri aýdyp gelýär.
Soňky ýyllarda ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanda, giň ýaýran işsizligiň, çörek we un ýaly esasy azyk önümleriniň ýeter-ýetmezçiliginiň, harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatçylygynyň arasynda, ilatyň güzeran eklenji barha agyrlaşýar.
Munuň bilen bir wagtda, soňky ýyllarda dilegçilik edýän, zibil dörýän raýatlar, şol sanda pensionerler we çagalar köpelýär. Bu barada Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary yzygiderli maglumat berýärler.
Türkmen hökümeti ykdysady krizisi, munuň bilen bagly barha ýitileşýän sosial problemalary aç-açan boýun almaýar. Häkimiýetler ýurtda garyplygyň öňüne geçmek, gowşak we garry gatlagy goramak ugrunda alnyp barylýan tagallalar barada hem açyk gürrüň gozgamaýarlar.
Degişli maglumat Türkmenistan aýratyn hyzmat bitiren raýatlara şahsy pensiýa girizmegi meýilleşdirýär, ýöne...Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.