Jo Baýden prezident ugrundaky ýaryşdan çekilip, Harrisi täze kandidat hökmünde goldap, çykyş edeninden soň, ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris ýurduň prezidentligine esasy partiýa tarapyndan nominasiýa edilen garaýagyz ilkinji aýal bolup biler. Baýdeniň saýlawdan çekilmegi onuň ýaşy we aň kesgitliginiň agyrlygy barada gitdigiçe artýan meseleler sebäpli boldy.
Geçen aýda geçirilen şowsuz debatdan soň, prezident Jo Baýden köpçüligiň basyşynyň artmagy sebäpli ýaryşdan çykandan soň, wise-prezident Kamala Harris prezidentlige esasy partiýa tarapyndan nominasiýa edilen ilkinji garaýagyz aýal bolup biler.
Baýden 21-nji iýulda "öz partiýamyň we ýurdumyň bähbidi üçin" saýlawlardan çekilýändigini yglan etdi we noýabr aýynda geçiriljek saýlawlarda Demokratlardan täze dalaşgär hökmünde Harrisi goldaýandygyny aýtdy.
59 ýaşly Harris 19-21-nji awgustda Çikago şäherinde geçiriljek partiýanyň kongresinde, eger ýeterlik delegat öz seslerini Baýdenden oňa geçirmäge razy bolsalar, Demokratlar partiýasynyň nominasiýasyny alyp bilerdi. Bu ABŞ-nyň häzirki prezidentlik syýasatynda görlüp-eşidilmedik waka bolar. Köp zat belli bolmasa-da, Harrisiň nominasiýasy öňde durýar, ýöne beýleki kandidatlaryň dalaşgärlige goşulmagy mümkin.
Harrisiň hödürlenmegi bäsleşigi üýtgeder, amerikalylaryň köpüsi täze birini talap etseler-de, öň bäsleşik Baýden bilen respublikan kandidaty Donald Trampyň arasynda gidipdi. Harrisiň gatnaşygy syýasatyň we kandidatyň gazanan üstünliklerini ileri tutmaga mümkinçilik berip biler, sebäbi şu wagta çenli saýlawlaryň öň ýaryşynda Baýdeniň saglygy (we onuň Donald Trampy ýeňip bilmek mümkinçiligi) meselesi esasy orun eýeledi. Ol 27-nji iýunda bolan jedelde, aljyraňňy ýagdaýa düşüp, aýdýan sözüni baglanyşdyryp bilmedi.
Baýdeniň debatlarda eden çykyşy Kongresdäki öňdebaryjy demokratlaryň we partiýanyň meýletinçileriniň saýlaw kampaniýasyna gatnaşmakdan ýüz öwürmek çagyryşlaryna sebäp boldy.
Degişli maglumat Baýden ABŞ-nyň prezident saýlawynda bäsleşmekden çekilip, Harrise dalaşgärlik goldawyny berdi
Harris immigrant reformasy, çagany aýyrtmak hukugy we Ukraina Russiýadan özüni goramaga kömek etmek ýaly meseleleriň agram salýan ýokary derejedäki ýaryşyna girer. Pensilwaniýa, Miçigan we Wiskonsin ýaly belli karara gelmedik ştatlarda saýlawçylar ahyrsoňy kimiň ýeňiş gazanýandygyny kesgitläp bilerler.
Tramp wagtyny we güýjüni bu möhüm ştatlara gönükdirmek bilen, belkem, Harrisiň immigrant syýasaty baradaky işini ýazgarmagy mümkin we oňa Demokratik partiýanyň "radikal çepçileriň” wekili diýmegi ähtimal.
Harris hem öz gezeginde soňky dört ýylyň içinde administrasiýanyň gazanan üstünliklerine üns berip biler; olaryň arasynda iş orunlarynyň düýpli artmagy, wraçyň ýazmagy bilen berilýän däri-dermanlaryň bahasynyň peselmegi we studentleriň bergisiniň ýatyrylmagy bar.
Harris hem öz gezeginde, Trampyň jenaýatçylykly geçmişini tankytlap, onuň ýurduň iň ýokary wezipesini eýelemäge mynasyp däl syýasatçydygyny aýdyp biler. Maý aýynda kazyýet oturdaşlary Trampy maliýe dokumentlerini galplaşdyrmakda günälediler we şu ýylyň aýagynda (onuň türmede oturmak mümkinçiligi örän az bolsa-da) höküm çykarylmaly edildi. Tramp ýene-de iki meselede aýyplanýar, şol sanda 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Waşingtonda Kapitola hüjüm etmek bilen baglylykda, şonda ol 2020-nji ýylyň saýlawlarynda Baýden bilen bäsleşikde, ýeňlişini ýatyrjak boldy.
Demokratlar Trampy demokratiýa howp, şol sanda pitne turuzmagy öjükdiriji hökmünde suratlandyrdylar. Emma şu aýda bolan respublikan dalaşgäriň janyna kast etmek synanyşygyndan soň, olar beýle garaýşyny ýumşadyp bilerler, iň bolmanda gysga wagt içinde.
Harris bilen Trampyň arasyndaky göreşiň çaklamasy boýunça netijeler gapma-garşylykly gelýär: käbir ýagdaýlarda Harris Trampdan biraz öňe, beýlekilerde bolsa ol yza galýar.
WISE-PREZIDENTLIK IŞI
Baýden Harrise ABŞ-nyň günorta serhedine migrantlaryň akýan ugruny gowşatmak maksady bilen Latyn Amerikasy ýurtlary bilen diplomatik proseslere gözegçilik etmegi tabşyrdy. Baýden häkimiýet başyna geleninden soň, Tramp döwründäki immigrant düzgünlerini gowşatdy, bu bolsa migrantlaryň serhetden geçýän akymyna sebäp boldy.
Harris problemanyň düýp sebäbine, ýagny garyplygy we migrantlaryň öz ýurdunda iş mümkinçilikleriniň ýoklugy meselesini çözmäge üns berdi, ýöne sagçylaryň we öz partiýasynyň käbir agzalarynyň tankydyna sezewar boldy.
Harrisiň borçlarynyň sanawyna saýlaw hukugyny goramak we çagany aýyrtmak hukugy hem degişlidi. Ýokary kazyýetiň “Roý Weýde garşy” kararyny ýatyrmak baradaky netijä gelnenden soň, ol 2022-nji ýylda Kongrese geçirilen saýlawlaryň öňüsyrasynda demokrat kandidatlara goldaw bermek üçin, ýurda aýlanyp, bu meseläniň ileri tutuljakdygyny we amerikaly aýallaryň çagany aýyrtmak hukugyny gorajakdygyny wada berdi. Soňra demokratlar garaşylmadyk möçberde üstünlik gazandylar, sebäbi saýlawçylar kazyýetiň jedelli karary barada biynjalyk bolýandyklary sebäpli has işjeň hereket etdiler.
Şeýle-de, Harris wise-prezident hökmünde ondan gowrak daşary ýurda syýahat etdi, 150 töweregi lider bilen duşuşdy. Ol geçen aý Şweýsariýada Ukrainanyň parahatçylyk sammitine gatnaşyp, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna wekilçilik etdi. Muňa garamazdan, syýasy bilermenleriň aýtmagyna görä, saýlawçylar ony henizem halkara döwlet işgäri hasaplamaýarlar.
Harrisiň halkara syýasat baradaky bilimini görkezmäge mümkinçiligi bar (şu saýlaw ýylynyň esasy temalarynyň biri Ukrainadaky we Gazadaky uruşlaryň fonunda bolar), geçirilmeli çekişmelerde saýlawçylaryň arasynda öz abraýyny özgerdip biler. Onuň çuň halkara tejribesiniň bolmazlygy 2020-nji ýylda Demokratlaryň prezidentligine saýlanmagy ugrunda göreşmäge päsgel berýän birnäçe faktorlaryň biri bolupdy.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, Harris käbir daşary syýasat meseleleriniň birnäçesinde administrasiýanyň ýöredýän ugrundan tapawutlylykda, özüne ses gazanyp biler. Baýden demokratiýaçy saýlawçylarynyň bir bölegini, hususan-da ýaş progressiwleri Ysraýyly goldaýan syýasaty, şol sanda bu ýurda ýarag ibermek bilen daşlaşdyrdy. Şu ýylyň ýazynda uniwersitetlerde häzirki prezidentiň administrasiýasy tarapyndan Ysraýylyň goldawyna garşy protestler tolkunlary döredi. Harrisiň bu meselä gös-göni gatnaşygy bolmandygy üçin, Ysraýylyň Gaza zolagyna edilen hüjümlere has tankytlaýjy garaýşy öňe sürüp, käbir sesleri gazanmagy mümkin.
Harrisiň aýal maşgala bolmagy we gelip çykyşy 2024-nji ýylyň saýlawlarynda onuň mümkinçiligine nähili täsir etjekdigi entek belli däl. Käbir amerikalylar ýurduň aýal prezidente heniz taýýar däldigini aýtsalar-da, Harris Demokratik partiýadan lapykeç bolan käbir garaýagyz saýlawçylary öz tarapyna çekip biler.
IMMIGRANTLARYŇ GYZY
Kamala Dewi Harris 1964-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Kaliforniýa ştatynyň Oklend şäherinde, gowy bilimli maşgalada dünýä indi. Şol döwürde ABŞ-da jynsara tolgunyşyklar örän güýjäpdi.
Onuň ejesi Şamala Gopalan biolog bolmaly, ol Kamala dogulmazdan birnäçe ýyl öň Birleşen Ştatlara okamak üçin gelipdi hem Kaliforniýadaky ýokary derejeli hasaplanýan Berkli uniwersitetinde bilim aldy.
Kakasy Donald Harris 1961-nji ýylda Ýamaýkadan Kaliforniýa gelipdi hem Berklidäki Kaliforniýa uniwersitetinde ykdysadyýeti öwrenipdi. Soňra ol ABŞ-yň beýleki bir belli uniwersiteti Stenfordda professor bolup işledi.
Gopalan hem Harris Berklide graždan hukuklary ugrunda göreşe gatnaşyjylar bolanlarynda tanyşdylar. Kiçi wagtynda Kamala Kaliforniýadaky akýagyzlaryň ýaşaýan raýonyndan, awtobusly mekdebe gatnaýardy. Hossarlary nikany bozanlaryndan soň, ejesi hem kiçi gyz dogany bilen Kanada – Monreala göçüp gitdiler.
Kamala Harris Birleşen Ştatlardaky Gorward uniwersitetinde bilim almak üçin, ABŞ-a gaýdyp geldi, ol garaýagyzlylaryň gadymdan gelýän taryhy okuw jaýydy. Ol ýerde syýasaty öwreniş hem ykdysadyýet boýunça bilim aldy. Soňra Kaliforniýa uniwersitetiniň hukuk fakultetinde okap, ony 1989-njy ýylda gutardy.
Harris Kaliforniýadaky hukukşynaslaryň arasynda derrew tanaldy. Şeýlelikde, 2003-nji ýyldaky saýlawlarda ýeňip, San-Fransikoda okrug prokurory boldy. Aradan birnäçe wagt geçensoň, bir poliseýi öldürene ölüm jezasyny talap etmedigi üçin, kanun goraýjylar tarapyndan garşylyga duçar boldy.
2004-nji ýyldan 2011-nji ýyla çenli işlän döwründe Harris jenaýatçylyga garşy berk göreş alyp bardy. Ol agyr jenaýatlar hem neşe maddalary bilen bagly jenaýatlar üçin, sud ediliş derejesini ýokarlandyrdy. Jenaýatçylyga garşy berk göreşeni üçin, ol 2010-njy ýyldaky saýlawlarda ýeňiş gazanyp, Kaliforniýa ştatynyň baş prokurorlygyna geçdi.
2020-nji ÝYLYŇ DESLAPKY SAÝLAWLARY
Ýurduň iň uly hem köp ilatly ştatynda baş prokuror bolan alty ýyly aralygynda, jynsy çaknyşyklaryň bolan döwrüne we muňa garşy Nýu-Ýork we Missuri ştatlarynda polisiýanyň ýarag ulanan wagtyna gabat geldi. Şo döwürde Kariforniýada reforma geçirmäge çagyryşlar boldy.
Şonda Harris diskriminasiýa meseleleri barada kanun goraýjy organyň işgärleri bilen trening geçirmegi teklip etdi. Ýöne poliseýler üçin tussaghanada goýlan, olaryň güýç ulanýandygyny subut edýän kameralaryň aýrylmagyna garşy çykdy.
Ol şeýle hem kanun düzgünlerine eýermeýänleriň hereketine garşy çykdy hem özüniň ýolbaşçylyk edýän ulgamynda, poliseýler ýarag ulanan halatynda, hökman derňew işiniň geçirilmelidigini aýtdy.
2020-nji ýylyň maý aýynda Minnesotada bolan atyşykda, Floýd polisiýa işgäriň elinden ölensoň, kanun goraýjy organlarda reforma geçirmeli diýýänler hem oňa garşy durýanlar aralygynda, Harris öz pozisiýany aram alyp bardy we ýurduň jemgyýetçilik howpsuzlygy meselesine «gaýtadan seretmelidigini» öňe sürdi, şonuň bilen birlikde Demokratik partiýanyň progressiw elementleriniň polisiýany maliýeleşdirmeli däl diýen çagyryşyna garşy durdy.
Harris 2016-njy ýylyň noýabrynda ABŞ-yň Senatyna saýlanmak bilen ýurduň taryhynda garaýagyzlardan bolan ikinji aýal Kongresiň ýokarky öýünde wekilçilik etdi.
Ol Senatyň dört komitetinde, býujet, kazyýet ulgamy, şeýle hem milli howpsuzlyk we döwlet işleri ugrundan gulluk etdi, bu oňa daşary syýasat babatda käbir çäkli tejribeleri berdi.
Senatda ol Trampyň kabinetiniň agzalaryna, hususan-da, baş prokuror Jef Sessions we Wilýam Barr, şeýle hem Ýokary kazyýete dalaşgär Bret Kawano ýiti soraglary berip özüni tanatdy.
Eger Harrisiň kandidaturasy saýlanylsa, oňa öz alyp barmaly ugruny doldurjak we esasy saýlawçylary, ylaýta-da ikirjeňlenip duran ştatlarda ýeňiş gazanyp biljek wise-prezidentlige kandidaty tapmak zerur bolar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.