ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 18-nji oktýabrda Berlinde Germaniýanyň, Fransiýanyň we Britaniýanyň liderleri bilen duşuşýar. Mundan bir gün öň, prezident Wolodymyr Zelenski Russiýanyň Ukrainada 31 aý bäri alyp barýan urşuna soň berjekdigini aýdýan çärelerini Ýewropa Bileleşiginiň liderlerine we NATO-nyň ýokary derejeli resmilerine hödürledi.
Baýdeniň sapary Russiýanyň Ukrainanyň şäherlerine we infrastrukturasyna garşy urýan gündelik zarbalarynyň gerimini artdyrýan döwrüne gabat geldi. Ukrain resmileri 18-nji oktýabrda Russiýanyň Ukraina garşy “iň giň gerimli” dron hüjümleriniň birini amala aşyrandygyny aýtdylar.
Baýden Germaniýa 17-nji oktýabrda giçlik geldi. Ýöne onuň asyl dört günlük sapary geçen hepdä planlaşdyrylypdy. Ol şonda Ukrainanyň 50-den gowrak ýaranynyň girýän Ramştaýn toparynyň maslahatyna hem gatnaşmalydy. Onuň dowamynda öňünde agyr gyş bilen ýüzbe-ýüz bolup duran Ukraina üçin goşmaça harby hemaýaty maslahat etmek we utgaşdyrmak göz öňünde tutulypdy.
Emma, Baýdeniň sapary Birleşen Ştatlara Milton tupanynyň aralaşmagy sebäpli goýbolsun edildi.
Baýdeniň sapary Germaniýanyň prezidenti Frank-Walter Şteýnmeýer bilen duşuşykdan başlanar. Mundan soň, Baýden tamamlanyp gelýän prezidentlik möhletiniň soňky aýynda geçirýän bir günlük saparynyň dowamynda german kansleri Olaf Şolz, fransuz prezidenti Emmanuel Makron we Britaniýanyň premýer-ministri Keir Starmer bilen hem duşuşar.
17-nji oktýabrda Zelenski ýaranlary, ýagny Ýewropa Bileleşigine we NATO özüniň “Ýeňiş plany” atlandyrylýan çärelerini hödürledi. Ol Ukraina bilelikdäki harby ýaranlyga çakylygyň berilmegi ugrunda tagalla edýär. Zelenski munuň netijesinde, Moskwanyň urşy dowam etdirmek isleginiň peseljekdigini we gowy niýetde gepleşiklere başlamaga mejbur boljakdygyny aýdýar.
Ýöne NATO Ukrainanyň soňy bilen agza boljakdygyny nygtasa-da, munuň bilen bagly takyk seneleri bermeýär. Mundan öň, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ukraina çozmagynyň sebäpleriniň biri hökmünde, Kiýewiň bu harby ýaranlyga goşulmak meýillerini agzapdy.
NATO-nyň başlygy Mark Rutte Ýaranlygyň Ukrainanyň onuň düzümine goşulmagy ugrunda tagalla edýändigini ynandyrsa-da, Zelenskiýiň munuň üçin çakylygy häzir ugratmak baradaky çagyryşyny goldamakdan bärden gaýtdy.
“Ukraina NATO-nyň agzasy bolar, muňa hiç hili şübhe ýok. Bu amal bolýança, biz Ukrainanyň öňe ilerlemegi üçin, zerur bolan ähli zatlaryň onda boljakdygyny kepillendireris” diýip, Rutte aýtdy we NATO-nyň Ukrainany ýaraglar bilen üpjün etmegini dowam etdirýändigini sözüne goşdy.
Mundan öň, ABŞ-nyň NATO-daky ilçisi Juilianne Smith žurnalistlere Ukrainanyň NATO-nyň agzasy bolmak ugrundaky ýolundan yza çekilmejekdigini aýtdy, we “biz häzir Ýaranlygyň gysga möhletiň içinde çakylygyň berilmegini maslahat eder ýaly pursatda däl” diýip, sözüne goşdy.
Ukrainanyň şahsy düzüm we ýarag taýdan egsilýän güýçleri, ýurduň gündogar sebitlerinde Russiýanyň goşuny tarapyndan haýal bolsa-da, öňe ilerlemegi bilen ýüzbe-ýüz bolup dur. Bu ýagdaýlar sebäpli Kiýew Günbatar ýaranlaryna ýüz tutmaga mejbur bolýar.
Mundan başga-da, Birleşen Ştatlarda golaýlap gelýän prezidentlik saýlawlarynyň arasynda, kandidatlaryň, ýagny wise-prezident Kamala Harrisiň we ozalky prezidenti Donald Trampyň Ukrainadaky urşa nähili çemeleşjekdikleri hem aladalary artdyrýar.
Tramp saýlaw kampaniýasynyň dowamynda Zelenskiýi ençeme gezek tankytlady. 17-nji oktýabrda ol ukrain liderini, hamala konflikti başlamaga ýardam bermekde aýyplady. Ýogsa uruş Russiýanyň esassyz çozmagyndan soň başlanypdy.
Bu aralykda, 18-nji oktýabrda irden Russiýa Ukraina garşy özüniň iň giň gerimli dron hüjümleriniň birini amala aşyrdy diýip, Kiýewiň harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Popko habar berdi. Ol dronlaryň paýtagty hem nyşana alandygyny belledi. Popko Kiýewe garşy 4.5 sagat dowam eden hüjümde bolan ýitgiler we zyýan barada bada-bat maglumatyň ýokdugyny hem sözüne goşdy.
Ukrainanyň harby howa güýçleri ýurduň howa hüjüminden goranyş ulgamlarynyň Russiýanyň atan 135 dronunyň 80-sini urup düşürendigini habar berdiler.