ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ukraina üçin 425 million dollarlyk howpsuzlyk hemaýatyny yglan etdi. Bu barada 16-njy oktýabrda Ak Tam mälim etdi we Baýdeniň telefon arkaly ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen hem gürleşendigini belledi.
Täze hemaýat bukjasynyň düzümine howa hüjüminden goranyş ulgamlary üçin serişdeler, harby ulaglar we ok-däriler dagy girýär.
Baýden Zelenski bilen söhbetinde, özüniň galan prezidentlik möhletiniň dowamynda Ukraina üçin howpsuzlyk hemaýatyny “artdyrmak” ugrundaky tagallalary barada gürrüň edipdir.