ABŞ prezidenti Jo Baýden we onuň respublikan garşydaşy Donald Tramp, ABŞ-da prezidentlige dalaş edýän şu wagta çenli iň garry iki dalaşgäriň arasynda geçirilen telewizion çekişmesinde, daşary syýasat meseleleri we Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşy boýunça çekeleşdi.
Häzirki prezident we ondan öňki prezident 27-nji iýunda elleşmän tomaşaçysyz zaldaky çekişme sahnasyna çykyp, Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda öz goňşusynyň üstüne giň gerimli çozmagy boýunça berk tapawutlanýan garaýyşlary ileri sürdüler.
Rus prezidenti Wladimir Putiniň 2022-nji ýylda Ukraina çozuş taktikalaryny ozal “genial” we “örän çeýe” atlandyran Tramp Baýdene hüjüm edip, eger Birleşen Ştatlarda “hakyky prezident” bolan bolanda Putin Ukraina çozmazdy diýdi.
“Ol meniň bilen oýun etmeli däldigini bilýärdi” diýip, Tramp Putini göz öňünde tutup aýtdy.
81 ýaşly Baýden Putini “uruş jenaýatçysy” atlandyryp, garşy çykdy we eger-de Russiýanyň uruşda ýeňmegine rugsat berilse, Putiniň Kiýew bilen çäklenmejekdigini duýdurdy.
“Ol müňlerçe adamy öldürdi” diýip, çekişmäniň agramly böleginde sesi boguk çykan Baýden aýtdy.
Baýden administrasiýasy uruş başlanaly bäri Ukraina we onuň prezidenti Wolodymyr Zelenskä berk goldaw berýär.
Birleşen Ştatlar çaknyşygyň dowamynda Kiýewiň iň iri harby we maliýe ýardamçysy boldy, ýöne golaýda tassyklanan 61 milliard dollar möçberindäki ýardam bukjasy respublikan kanun çykaryjylary tarapyndan alty aý çemesi gijikdirildi, olar öz goldawlarynyň öwezine serhet syýasaty dogrusynda düýpli özgerişleri talap etdiler.
Bu ýardam bukjasy soňy bilen tassyklanyldy, ýöne serhet babatynda ylalaşyk gazanylmady.
Ykdysadyýet, immigrasiýa we abort ýaly içerki syýasat meseleleri agdyklyk eden çekişmede Baýden Waşingtonyň Ukrainanyň iň berk goldawçysy bolmagy bilen bir hatarda, özüniň Ukrainanyň rus goşunlaryny yza serpikdirmegine ýardam bermek üçin, dünýädäki 50-den gowrak ýurduň liderlerini koalisiýada jem edendigini aýtdy.
“Bu NATO-dan çekilmek isleýän ýigitdir” diýip, jogap berende wagtal-wagtal säginýän we ünsüni bir ýere jemläp bilmeýän ýaly bolup görnen Baýden Tramp barada aýtdy.
Şu aýyň ortalarynda Putin eger Kiýew NATO hyjuwlaryndan el çekmek we Russiýanyň tutuşlygyna özüniňki hasaplaýan we bölekleýin basylyp alnan dört sebitden geçmek ýaly şertleri berjaý etse, Russiýanyň urşy soňlap biljekdigini aýdypdy. Ukraina bu şertleri absurd atlandyryp ret etdi we olaryň boýun egmäge barabar bolandygyny aýtdy.
Putiniň bu bellikleri barada soralanda 78 ýaşly Tramp rus lideri tarapyndan ileri sürülen şertleriň “kabul ederliksiz” bolandygyny aýtdy.
90 minutlyk çekişmäniň dowamynda bir topar ýalan maglumatlary gaýtalan Tramp ukrain lideriniň ýardam haýyşlaryna salgylanyp, ony “ähli döwürleriň beýik satyjysy” atlandyrdy.
“Seret, bizde lider bolan bolanda, bu uruş asla-da başlamazdy” diýip Tramp aýtdy we eger-de noýabrda gaýtadan prezident saýlansa, urşy “çözüp biljekdigini” öňe sürdi.
Ol şeýle netijäni nädip gazanjakdygy barasynda jikme-jiklik bermedi.
Ýaş boýunça aladalar
Baýdeniň çekişmede wagtal-wagtal agsaklan çykyşy, eýsem ol ýene dört ýyl prezident bolardan has garrymy diýen ýaly, onuň ýaşy bilen bagly aladalara ünsi çekdi we käbir demokratlaryň arasynda, eýsem, ol öz partiýalarynyň dalaşgärliginden bir gyra çekilmelimi diýen ýaly käbir soraglary döretdi.
Baýden bir pursat Trampy Putin bilen garjaşdyrýan ýaly bolup göründi, beýleki bir pursatda, immigrasiýa we serhet howpsuzlygy bilen bagly bölümde, üzlem-saplam jogap berdi. Bu ýagdaý Trampy “men şol soňky sözlemiň soňunda onuň näme diýýänine hakykatdan-da düşünmedim. Ol özüniň gürleýän zadyny bilýändir öýdemok” diýip, garşy çykmaga iterdi.
Baýden çekişme gyzyşanda tijendi, ýöne oňa çenli eýýäm howsala aralaşypdy diýip, öňki prezident Barak Obamanyň maslahatçysy Deýwid Akselrod CNN-de aýtdy. “Eýsem, ol dowam etmelimi diýen soraglar boýunça ara alyp maslahatlaşmalar bolar” diýip, ol belledi.
Tramp çekişmäniň dowamynda bir ýyldan gowrak wagt bäri içalyçylyk aýyplamalary bilen rus tussaglygynda galýan “Wall Street Journal” habarçysy Iwan Gerşkowiçiň boşadylmagyny gazanyp bilmezlik babatynda hem Baýdeni tankytlady. Gerşkowiç, onuň iş berijisi we ABŞ hökümeti bildirilýän günäni syýasy matlaply hökmünde ret edýär.
Tramp ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýän kazyýet diňlenişigi 26-njy iýunda başlanan Gerşkowiçi Baýden “bireýýäm çykarmalydy” diýdi we Putin habarçynyň boşadylmagy üçin, “megerem, millardlarça dollar soraýandyr” diýdi.
Öňki prezident öz sözlerine detal ýa delil getirmedi, ýöne bu sözler Günorta Koreýadaky we Katardaky banklarda doňdurylan milliardlarça dollara barabar eýran aktiwleriniň geçirilmeginiň öwezine Eýranda saklanan bäş amerikalynyň boşadylmagy bilen bagly 2023-nji ýylda gazanylan ylalaşyga salgylanýana çalym etdi.
Waşington birnäçe gezek bu maliýe serişdeleriniň çäkli rugsat bolan ýörite hasaplarda saklanylýandygyny we bu serişdeleriň Eýran tarapyndan diňe azyk harytlary we derman serişdeleri ýaly gumanitar harytlar üçin ulanylyp bilinýändigini aýtdy.
Şeýle-de, Tramp 2021-nji ýylyň awgustynda ABŞ ýolbaşçylygyndaky güýçleriň Owganystandan çekilmegi bilen baglylykda, Baýdeni “biziň ýurdumyzyň taryhyndaky iň masgaraçylykly pursatdan” jogapkär bolmakda aýyplady.
Trampyň özi wezipeden gitmezden bir ýyl öň halkara güýçleriň çekilmegi babatynda “Talyban” ýolbaşçylary bilen ylalaşyga barypdy, ýöne ol bu meýilnamany durmuşa geçirmedi we muňa birnäçe ýyl soňra Baýden gözegçilik etmeli boldy.
Baýden Tramp 2020-nji ýylyň noýabrynda geçirilen saýlawlarda ýeňilip, wezipeden gidende “ýagdaýlar başly-baratlykdy” diýdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.