ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 15-nji awgustda Ak tamda rus oppozisiýa wekili Wladimir Kara-Murza we onuň maşgalasy bilen duşuşdy.
Kara-Murza 1-nji awgustda Moskwa bilen Günbatar ýurtlarynyň birnäçesiniň arasynda bolan uly göwrümli tussag alyş-çalşygynyň çäginde rus türmesinden boşadyldy.
Baýden “Facebook” sosial ulgamynda paýlaşan maglumatynda duşuşygyň “Russiýanyň Ukrainadaky söweşine garşy çykyş edendigi üçin Russiýada adalatsyz türmä basylandan soň, onuň Amerika gaýdyp gelmegini bellemek” üçin geçirilendigini aýtdy.
Kara-Murza iki sany zäherlenmek hadysasynda nyşana alnypdy. Ol bu hadysalary amala aşyrmakda Russiýanyň hökümetini günäkärleýär.
Wladimir Kara-Murza dönüklikde aýyplanyp, 25 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi.