Baýden, öňki wadalaryna garamazdan, oglunyň günäsini geçdi

Jo Baýden ogly Hanter bilen (arhiw suraty)

1-nji dekabrda giçlik ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ogly Hanteriň federal ýarag we salgyt aýyplamalary esasynda, onuň mümkin türme tussaglygyna getirip biljek etmişleri bilen baglylykda günäsini geçdi. Ýogsa, mundan öň Baýden özüniň prezidentlik ygtyýarlyklaryny maşgala agzalarynyň bähbidi üçin ulanmajakdygyny söz beripdi.

Mundan öň, Demokratik partiýadan prezident Baýden ogly Hantere Delawerde we Kaliforniýada iki iş bilen baglylykda aýyplama bildirilenden soň, onuň günäsini geçmejekdigini ýa-da hökümi üýtgetmejekdigini aýdypdy.

Bu Hanter Baýdene höküm çykarylmagyndan birnäçe hepde öň, şeýle-de saýlanan-prezident Donald Trampyň Ak tama dolanmagyndan iki aý öň amal edildi.