Baýden, Harris geljek hepde Ak Tamda Zelenski bilen duşuşarlar

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenksi Ak Tamda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen (arhiw suraty)

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we wise-prezident, şeýle-de Demokratik partiýadan prezidentlige dalaşgär Kamala Harris, 26-njy sentýabrda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenksi bilen aýry-aýrylykda gepleşik geçirerler. Bu barada Ak Tam 19-njy sentýabrda mälim etdi.

“Liderler Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky urşuň ýagdaýyny, şol sanda Ukrainanyň strategiki planyny we ABŞ-nyň Ukrainanyň Russiýanyň agressiýasyndan özüni goramak boýunça hemaýatyny maslahat ederler” diýip, Ak Tamyň metbugat wekili Karine Jean-Pierre beýanat bilen çykyş etdi.

Ukrainanyň prezident edarasy Zelenskiýiň ABŞ-nyň ozalky prezidenti, Respublikançylardan prezidentlige kandidat Donald Tramp bilen hem aýratynlykda duşuşjakdygyny mälim etdi.