Baýden administrasiýasy Ukraina ýene 725 million dollarlyk ýarag berer

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden otly bilen Ukraina eden garaşylmadyk sapary wagtynda. 20-nji fewral, 2023.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasy Ukraina ýene 725 million dollarlyk anti-tank ýaraglaryny taýýarlaýar diýip, "Roýters" habar gullugy iki amerikan resmisine salgylanyp habar berdi.

Täze bukjada minalar, pilotsyz uçarlar, Stringer raketalary we HIMARS raketa ulgamlary üçin ok-däriler bolar. Ukrainanyň rus agressiýasyna gaýtawul bermegine kömek edýän ýaraglar ABŞ-nyň ätiýaçlyk gorlaryndan bölünip berler.

Baýden administrasiýasy ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp 2025-nji ýylyň ýanwarynda işe girişmezinden öň, Ukrainanyň pozisiýasyny berkitmek üçin, mümkin bolan ähli zady etjekdigini birnäçe gezek nygtady.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken biraz öň Birleşen Ştatlaryň Ukrainany 2025-nji ýylda söweşi dowam etdirmegi ýa-da “güýçli pozisiýada” gepleşik geçirmegi üçin zerur bolan zatlaryň ählisi bilen üpjün etjekdigini aýtdy.

Tramp Ukrainadaky urşy “24 sagat içinde” togtadyp biljekdigini aýtdy.