Baýden administrasiýasy Ukraina berlen karzlaryň $4,65 milliardyny geçmekçi bolýar

Prezident Jo Baýden

Prezident Jo Baýdeniň administrasiýasy ABŞ-nyň Ukraina beren karzlarynyň 4,65 milliard dollaryny geçmek çärelerini görýär diýip, Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Matýu Miller 20-nji noýabrda aýtdy.

Bu çäre resmileriň iş başyndan gitmeklerinden öň Ukrainany Russiýa garşy alyp barýan goranyş söweşinde güýçlendirmek üçin edip biljek zatlaryny etmekleri bilen düşündirilýär.

Kongresiň aprel aýynda kabul eden maliýeleşdiriş kanunyna girýän we ukrain hökümetine ykdysady we býujet goldawy üçin berlen 9,4 milliard dollar geçip boljak karzlar bolup durýar. Prezidentiň ol karzlaryň ýarysyny 15-nji noýabrdan soň geçip biljekdigi aýdylýar.

Bu kanun taslamasyna Ukrainanyň Moskwanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan giň gerimli urşuna garşy durmagyna kömek etmek üçin jemi 61 milliard dollar girizildi.