Germaniýanyň günortasyndaky Bawariýa ştatynyň häkimiýetleri, "jynsparaz zibil" diýlip ýazgarylanyndan we nasistler döwrüniň propagandasy bilen deňeşdirileninden soň, yslamaçy ekstremizm howpy barada çap eden wideo duýduryşyny aýyrdy.
Bawariýanyň içeri işler ministrliginiň 2-nji sentýabrda X arkaly ýaýradan wideosy elhenç aýdym-saz astynda aýylganç gülýän musulman ruhanysy hakyndaky multfilmi görkezýär. Multfilmiň gahrymany bir ýaş aýaly ýuwdup, soň ony köp aýally nikada aşhana ýuwýan we aglaýan hijaply aýala öwürýär.
Ultra-konserwatiw sünni hereketi bolan Salafizmiň howpy barada duýduryş bermek maksady bilen çap edilen wideo ministrligiň derrew german kanun çykaryjylarynyň birnäçesi tarapyndan berk takyt edilmegine getirdi. Olar ony çig propagandada we musulmançylyga garşy pikir döretmek synanyşygynda aýypladylar.
“Bawariýanyň Içeri işler ministrliginiň dolulygyna jynsparaz wideosy hususn-da şu dňwürde gynançly! Aýrybşagalamagyň we öjükdirmegiň ýerine, biz musulmançylyga garşy jynsparazlyk edilmegine garşy durmaly" diýip, german parlamentinde Çep partiýasyna wekilçilik edýän Nikol Gohlke X-de aýtdy.
Wideo, ylmy-barlagçylaryň aýtmklaryna görä, nemes jemgyýetinde yslamofobiýanyň ýokarlanýan we ýurtda musulmançylyga garşy hadysalaryň köpelýän wagtynda ýaýradyldy. Şeýle-de, bu 1-nji sentýabrda Germaniýanyň iki ştatynda immigrasiýa garşy alternatiw (AfD) partiýa üçin geçirilen saýlawyň üstünlikli bolmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
"Ministrlik gönüden-göni ýigrenç we öjükdirme bilen meşgullanýar, ýogsa siz bir gün öň AfD-niň gazanan gowy netijelerine geň galýardyňyz!" diýip, Çep partiýasynyň kanun çykaryjysy, Berliniň döwlet mejlisinde işleýän Ferat Kocak X-da ýazdy.
Kocak Bawariýanyň Içeri işler ministrligi "nasistleriň ýewreýlere garşy alyp baran propagandasyna çalymdaş karikaturalary musulmanlara garşy ýigrenji öjükdirmek üçin ulanýarmy” diýip sorady.
Çep partiýanyň üçünji syýasatçysy we öňki parlament agzasy, aklawçy Niema Movassat bu wideony "ynanyp bolmajak jynsparaz zibil" diýip atlandyrdy we Bawariýanyň içeri işler ministri Jachoahim Herrmana garşy, meçew berme sebäpli, mümkin bolan jenaýat şikaýatyna serediljekdigini aýtdy.
Ministrlik soňra X ýazgysyny pozdy we 3-nji sentýabrda eden beýanatynda "eger-de wideo gahar-gazaba we düşünişmezlige sebäp bolan bolsa, bu gaty gynandyrýar" diýdi.
Ministrligiň metbugat wekili elektron poçta arkaly eden beýanatynda "Biz bu wideonyň tankytlaryna örän çynlakaý çemeleşýäris we bu kampaniýany häzirlikçe togtadyldy" diýdi.
Metbugat wekili bu wideonyň "adamlara salafistler we beýleki yslamçylar tarapyndan abanýan howplar barada maglumat bermek we olaryň usullaryny görkezmek üçin" başlanan täze sosial-media kampaniýanyň bir bölegidigini aýtdy.
“Salafizme garşy göreşde öňüni alyş we deradikallaşdyrm işlerinde biz üçin diýseň möhüm bolansoň, biz wideo sahnalarynyň üstünde täzeden işläris. Emma muňa garamazdan, salafizmiň howplaryna kembaha garamak bolmaz” diýip, metbugat wekili aýtdy.
Multfilm wideosy bu hekaýanyň merkezinde bir ýaş aýalyň, musulman aýal-gyzlarynynyň makiýaž ulanmagyna rugsat berilýändigini ýa-da däldigini soran halatynda, sosial media arkaly aldawa salnyşyny görkezdi.
Ýewropa Komissiýasy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna özünde "bu wideo barada anyk bir düşündirişiň ýokdugyny" aýtdy.
"Musulman aýal-gyzlar ÝB jemgyýetinde örän işjeň rol oýnaýarlar - bu oňyn zat" diýip, Komissiýanyň metbugat sekretary aýtdy.
Germaniýanyň Içeri işler ministrliginiň 2006-njy ýylda başlan Germen Yslam konferensiýasynyň maglumatlaryna görä, Germaniýada yslam dinine uýýanlaryň 5,5 million töweregi ýaşaýar, olaryň üç million çemesi Germaniýanyň raýatlary bolup durýar. Bu konferensiýa ýurtdaky gaçybatalga, migrasiýa we integrasiýa meselelerine gözegçilik edýär.
Bawariýadaky Sosial-demokratlaryň (SPD) içerki syýasat boýunça metbugat sekretary Kristian Feichtmeier dpa neşirine bu wideonyň “başyny ýaýkamagyna” sebäp bolandygyny aýtdy.
Ol salafizme garşy göreşiň möhümdigini, ýöne “salgyt töleýjileriň pullarynyň netijesiz bir zada ýa-da, belki, mundan hem beteri, zyýan berjek, hatda bidüzgünçiliklere sebäp boljak işe harçlanyp bilinmejekdigini” aýtdy. “Bu, elbetde, wideonyň maňa we beýlekilere ýetiren täsiri" diýip, dpa german syýasatçysynyň sözlerini sitirledi.