Moskwada ýokary derejeli rus generalynyň öldürilmegi bilen bagly özbek raýatynyň tussag edilmegi Orsýetdäki merkezi aziýaly migrantlaryň arasynda gorky we howsala döremegine sebäp boldy.
Orsýetiň häkimiýetleri 18-nji dekabrda Moskwada 29 ýaşly özbek raýatynyň ýokary derejeli generalyň öldürilmegi bilen baglylykda saklanandygyny habar berdiler.
Orsýetdäki Merkezi Aziýadan bolan migrantlaryň uly toplumy üçin, bu habar öňkülerden has beter boldy.
Moskwa 2022-nji ýylda Orsýetiň Ukraina garşy doly möçberdäki çozuşlara başlaly bäri iň ýokary derejeli rus harby serkerdesi general-leýtenant Igor Kirillowyň öldürilmeginiň arkasynda Kiýew durýar diýip hasap edýär. Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň çeşmesi Azatlyk Radiosyna bu hüjümiň Ukraina tarapyndan gurnalandygyny aýtdy.
Şeýle-de bolsa, Moskwanyň beýan etmegine görä, Ukrainanyň Kirillowy öldürmek baradaky buýrugyny amala aşyran özbek raýaty hasaplandy, onuň tussag edilmegi Orsýetde merkezi aziýaly migrantlaryň arasynda gorky we howsala döretdi.
Soňky ýyllarda Orsýetde Merkezi Aziýadan gelenlere ksenofobik hüjümler has ýygy-ýygydan bolýar. Müňlerçe adam ýurduna sürgün edildi ýa-da Russiýa gelmek gadagançylygy berildi. Olaryň köpüsi özlerine haýbat atylandygy we ýowuz daraşylandygy barada şikaýat etdiler.
Indi Merkezi Aziýadan gelenler Orsýetdäki ýagdaýyň has erbetleşmegine garaşýarlar.
«Bar ýerde polisiýa maşynlary durýar – diýip, Moskwada ýaşaýan özbek raýaty Zülfiýa aýdýar. – Şu gün men golaýymyzdaky bazara gidenimde, birnäçe polisiýa maşynlarynyň duranyny gördüm. Olar hemmeleri saklady – özbekleri, gyrgyzlary we täjikleri».
«Düýn olar meniň tanşymy gyzy bilen yzyna sürgün etdiler» diýip, gorky sebäpli familiýasyny tutmazlygy haýyş eden Zülfiýa sözüne goşdy.
Migrantlara garşy ritorika "ýene güýçlener"
Onlarça ýyl bäri Russiýa Merkezi Aziýadan millionlarça zähmet migrantlarynyň esasy barýan ýurdy boldy. Zähmet migrantlary maşgalasyny eklemek üçin yzarlamalara we kemsidilmelere döz gelipdiler.
Mart aýynda Moskwa oblastynyň konsert zalynda 140 töweregi adamyň ölümine sebäp bolan terrorçylykly hüjümden soň, Orsýetiň häkimiýetleri migrantlara garşy repressiýany güýçlendirdi.
Hüjüme gatnaşandyklaryna şübhe bildirilip, Täjigistanyň birnäçe raýaty saklandy. Olar öňüni alyş çäresiniň dowamynda, urgularyň we gynamalaryň aýdyň yzlary bilen kazyýetiň öňüne getirildi.
Radiasiýa, himiki we biologiki gorag goşunlarynyň ýolbaşçysy Kirillowy öldürmekde güman edilýän özbek raýatyny tussag etmegiň tizlikde bolup geçmegi käbir analistlerde şübheli çaklamalara, munuň çäre üçin tutulandygy bardaky pikire itergi berdi.
Beýik Britaniýada ýerleşýän Merkezi Aziýa Due Diligence barlag merkeziniň direktory hem özbek analitigi Alişer Ilhamow şübhe bidirileniň gynalandygynyň "örän ähtimaldygyny" aýdýar.
Özbekler "bu adatdan daşary ýagdaýda, belli derejede betpäller" hökmünde görkezilýär diýip, Ilhamow hasapýar.
Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) şübhe bildirilýäniň Ukrainanyň ýörite gulluklary tarapyndan saýlanandygyny we oňa görkezme berlendigini aýtdy. Barlaga görä, Kirillow we onuň kömekçisi jaýyň girelgesinde goýan elektrik tigirde oturdylan enjamyň partlamasyndan heläk bolupdyr.
FSB şübheliniň "günäsini boýun alşy" baradaky wideony ýaýratdy. Bu filmde ýüzi kesilen şekilli görünýän adam özüne "100 müň dollar we Ýewropa pasporty" wada berlendigini aýdýar.
«Soňky wagtlarda rus syýasatçylarynyň arasynda, migrantlara garşy ritorika örän meşhur boldy – diýip, Ihamow belleýär. – Ol indi hasam güýçlener. Muny rus telewideniýesiniň bilermenlerinden we kanun çykaryjylardan köpräk eşitmäge garaşyp bileris».
Çaklamalar: köçedäki barlaglar güýçlener
Migrantlara garşy hüjüm edýän rus syýasy işgärleriniň arasynda, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň esasy ýarany we Derňew komitetiniň başlygy Aleksandr Bastrykin bar.
Geçen ýyl Bastrykin Orsýetiň raýatlygyny alan migrantlar Ukrainada barýan urşa gatnaşmakdan boýun gaçyrsalar, olaryň graždanlykdan mahrum edilmelidigini aýtdy.
Şeýle-de, ol migrantlaryň edýän jenaýatlarynyň köpelendigini mälim edipdi.
«Adamlar: "Ruslar frontda wagty migrantlar arkamyzdan hüjüm edýär" diýýär» diýip, Bastrykin aýdypdy.
Moskwada ýaşaýan gyrgyzystanly bir aýal häzirki wagtda Merkezi Aziýadan gelenleriň ýagdaýy onsuzam agyr diýip hasap edýär.
«Meniň pikirimçe, bu wakadan soň, Merkezi Aziýadan gelenleriň ýagdaýy diňe erbetleşer – diýip, howpsuzlyk sebäpli anonim şertde gürleşen aýal aýdýar. – Köçelerde barlaglar has-da güýçlense gerek».
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.