5-nji awgustda Bangladeşiň premýer-ministri Şeýh Hasina, ýurtda demonstrantlary dargatmak çärelerinde ýüzlerçe adamyň öldürilmeginden soň, wezipesinden çekildi we ýurdy terk etdi. Protestler ilki başda girizilen iş kwotalaryna garşy nägilelik bilen başlandy, soňy bilen hem premýer-ministriň çekilmegine çagyryşlar bilen dowam etdi.
Mähelle, hiç hili garşylyksyz, kaşaň prezident rezidensiýasyna kürsäp girdi we mebelleri, telewizorlary çykardy.
Hasinanyň gaçmagy bilen onuň häkimiýet başyndaky ikinji 15 ýyllyk möhleti tamamlandy. Ol soňky 20 ýylyň dowamynda atasyndan miras galan syýasy herekete ýolbaşçylyk edipdi.
Armiýanyň başlygy general Waker-Uz-Zaman geçiş hökümetiniň esaslandyryljakdygyny mälim etdi.