Balyk bahalary 'azyk howpsuzlygynyň arzuw bolandygyny' görkezýär

Balygyň köçe söwdasy. Arhiw suraty

Türkmenistanda balyk elýeterliligi köplenç mesele bolmagynda galýar, ýöne soňky üç aýda bu önüm günbatardaky Balkan sebitinde hem "gözden uçýar". Balygyň "ýiti gytçylygy we gymmatçylygy göze ilýär" diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy 2-nji maýda habar berdi. Türkmenbaşynyň we Balkanabadyň daýhan bazarynyň balyk dükanlarynda balyk indi 3 aý bäri tasdan satylmaýar, Azatlyga pikirini aýdan balykçy balyk gytçylygyny we gymmatçylygyny döwlet emeldarlarynyň soňky bir ýylda balykçylara görkezen gysyşlary bilen düşündirdi diýip, redaksiýa gelen maglumatda aýdylýar. Synçylar häkimiýetleriň 'gazanan azyk howpsuzlygynyň arzuwdygyny' belleýärler.

Deňiz balyklary düýbünden ýok, Gökdepe suw howdanynda ýetişdirilýän balyklar, Lebap suw howdanlaryndaky balyk hojalyklarynyň balyklary satuwda wagtal-wagtal, ýöne seýrek ýagdaýda peýda bolýar, olaryň bahasy geçen ýyldaky bahalary bilen deňeşdirilende 150% gymmat, hatda iki esse gymmatlan balyklar hem bar diýip, habarçy aýtdy.

Sazan we Akamur balyklarynyň kilogramy geçen ýyl 40 manatdan satylan bolsa, häzir olaryň kilogramy 145 manada çenli gymmatlady; 5 kilogramlyk Lakga (som) balygy geçen ýyl 350 manat bahalanan bolsa, bu ýyl 750 manatdan satylýar. Süýji suwda ýetişýän Pýostra balygynyň kilogramy ozal 50 manat bolan bolsa, indi 100 manada çenli gymmatlady.

Degişli maglumat Marynyň täze balyk hojalyklary özlerine azar berilýändigini, telekeçilik işleriniň howp astyndadygyny aýdýarlar

Azatlygyň habarçysy 30-njy aprelde Türkmenbaşynyň kenar bazaryna Gökdepeden balyk getiren telekeçi bilen söhbetdeş boldy.

Özüni Kakyş aga diýip tanadan telekeçi Gökdepe kölünde balyk ýetişdirýändigini, bu gezek Türkmenbaşa 300 kg balyk getirendigini aýtdy.

Balykçy fermeriň düşündirişine görä, balyk bazarynda emele gelen çylşyrymly ýagdaý ýurtdaky şertler, hususan-da iým gytçylygy bilen bagly. Azatlyk öň ýurtdaky maldarlaryň ot-iým meseleleri barada hem ençeme gezek maglumat beripdi we, balyk iými meselesi hem, synçylaryň aýtmagyna görä, diňe çylşyrymlaşýar.

Kakyş aga balyk ýetişdirmek, balyk köpeltmek bilen meşgullanýan adamlaryň işiniň barha kynlaşýandygyny aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, emeli usulda balyk köpeltmek işi görgä öwrüldi, sebäbi ýurtda sarp edilýän balyk iýminiň 90 göterimine golaýy Eýrandan we Özbegistandan import edilýär.

“Hut şu ýagdaý hem balyk bahasynyň yzygiderli gymmatlamagynyň bir sebäbi bolup durýar” diýip, Kakyş aga pikir edýär.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmenler ýurtdaky ot-iým, azyk gytçylygynyň esasy sebäbiniň döwlet emeldarlarynyň para almak üçin döredýän emeli päsgeçiliklikleri bilen baglydygyny öňe sürýärler.

Kakyş aga hem döwlet emeldarlarynyň az kynçylyk döretmeýändigini, belki-de, kynçylygyň gözbaşy bolup durýandygyklaryny tassyk etdi.

Degişli maglumat Balkanda balyk gymmatlaýar, ilat ony hepdelik iýmitinden çykarýar

“Döwlet emeldarlarynyň edýän dürli basyşlary, para talaby, býurokratik gysyşlar netijesinde, Gökdepäniň suw howdanynda ozal 30-a golaý balykçylyk hojalygy bolan bolsa, şu ýyl olaryň sany 6 balykçylyk hojalygyna çenli azaldy. Beýleki 24 hojalyk ýapyldy, olar işlerini togtatmaga mejbur boldular. Hatda motorly katerlerini, torlaryna çenli, arzan bahadan satyp gitdiler” diýip, telekeçi bazara balyk çykarýan adamlaryň kanun esasynda kepillendirilýän erkinliginiň hakykatda ýokdugyny aýtdy.

Telekeçiniň tassyklamagyna görä, ýurduň özünde, balykçylygy ösdürmek hakynda edilýän uly gürrüňlere garamazdan, heniz emeli ýagdaýda, “inkubasiýa usulynda balyk köpeltmek işleri hem ýola goýulmandyr”.

“Gökdepede ýetişdirýän ýaş balyklarymyzy lebaply balykçylardan satyn alýarys. Olar bu balyklary Orsýetden, Özbegistandan getirýär. Ýöne, azaby kän bolsa-da, balykdan alýan girdejimiz az. Has anygy, 140 manada satan 1 kg balygymyzdan, iým, resminamalar, sanitariýa, häkimlige berlen para, ýolda polisiýa wekillerine berlen para üçin edilen çykdajylary aýyrsak, zordan 7 manat çemesi peýda galýar” diýip, Kakyş aga aýtdy.

Türkmen metbugaty wagtal-wagtal balykçylyk pudagynda gazanylýan üstünlikler, daşary ýurtlara edilýän balyk eksportynyň möçberiniň ýokarlanýandygy barada habar berýär.

“SalamNews” neşiriniň bir habarynda aýdylmagyna görä, 2021-nji ýylda “50 tonnadan gowrak gaplanan balyk önümleri eksport edildi. Pudakda 4 million manatlyk maýa goýumlary özleşdirildi”.

Degişli maglumat Balyk kyssasynyň gussasy; Aşgabat D witamini bilen bagly ýagdaýlaryň 'öňüni alýar'

Emma synçylar döwletiň balyk hojalyklaryna ýeterlik üns bermeýändigini aýdýarlar. Gökdepeli Kakyş aga hem bu pikir bilen ylalaşýar. Onuň ynanjyna görä, eger balykçylyk ösdürilse, häzirki ýaly, towuk, mal etleri gymmatlamazdy, bahalary durnukly saklamak mümkinçiligi dörärdi.

Azatlygyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen ýaşaýjylaryň sözlerine görä, döwlet eýeçiligindäki metbugatda azyk bolçulygy, “dogry-dürs naharlanmak hakynda näçe gürrüň edilse-de, olardan netije ýok, sebäbi aýdylýan zatlar diňe kagyz ýüzünde galýar”.

“Aýlyk girdejisi 1 müň manada hem ýetmeýän hojalyk kän. Olaryň 1 kilogram balyga 150 manat töläp bilmejegi çaga-da düşnükli. Bekre, skumbrýa, gara balyk barada gürrüň hem etmäli. Olaryň kilogramy müň manatdan ýokarda bahalanýar” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýokary gatlagyň wekilleri, emeldarlar gymmat balyklary ‘zakaz’ edip, deňizden tutduryp iýýärler, ýönekeý raýatlar ol balyklary satyn alyp bilmeýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.