Balkanyň häkimiýetleri dilegçileri gowaçanyň otag işlerine çekip, sadaka soraýanlara garşy göreşýär

Türkmenistanyň köçeleriniň birinde dilegçilik edýän ene we çagalar (Arhiw suraty)

Balkanyň häkimiýetleri sadaka soraýan, dilegçilik edýän raýatlara gözegçiligini güýçlendirip, olara garşy geçirýän reýdlerini ýaýbaňlandyrdy. Saklanan raýatlar, şol sanda çagalar gowaça meýdanlarynda otag etmek işlerine mejbury çekilýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji maýda sebitden maglumat berdi.

“Türkmenbaşy we Balkanabat şäherleriniň köçelerinde polisiýa işgärleri tarapyndan saklanan uly raýatlaryň we çagalaryň azyndan 150 sanysy Bereket etrabyndaky pagta meýdanlaryna eltildi” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli daýhan anonim şertde gürrüň berdi.

Degişli maglumat Aşgabadyň häkimiýetleri telekeçilere jerime salyp, zibil dörýän çagalara garşy ‘göreşýär’

Bu raýatlara we çagalara bir gün çeken zähmeti üçin 15 manat hak tölenjekdigi wada berilýär. Ýöne bu haky tölemek pagtaçy kärendeçileriň boýnuna ýüklenýär.

“Olara jogapkär polisiýa ofiserleri we oba arçyny hem gözegçilik edip, mydama üstlerinde bolýarlar” diýip, ýerli daýhan aýtdy.

Azatlyk bu barada welaýat Polisiýa müdirliginden we ýerli oba hojalyk resmilerinden teswir alyp bilmedi.

Bu waka, ýurduň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleriniň geçirilýän mahalyna gabat geldi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň 10-njy maýda geçirilen mejlisinde mälim edildi.

Bereketli bir pagtaçy daýhan anonim şertde habarçymyza beren maglumatynda otag işlerine mejbury çekilýän raýatlaryň we çagalaryň hiç hili daýhançylyk düşünjesiniň ýokdugyny aýdyp, olaryň özleri üçin peýda däl-de, zyýandygyny belleýär.

“Meniň 10 gektar meýdanymyň otag işleri üçin dilegçilikde saklanan 10 sany adamy berdiler. Häkimiýetler daýhançylyk düşünjesi bolmadyk bu raýatlary öz-özüni ekläp bilmeýän pagtaçy kärendeçileriň boýnuna ýükleýärler” diýip, bereketli pagtaçy daýhan belledi.

Onuň tassyklamagyna görä, häkimiýetler kärendeçi daýhanlaryň hasabyna, işsiz dilegçileri iş bilen üpjün etmäge, olaryň dilegçilik etmeginiň öňüni almaga çalyşýar.

Degişli maglumat Balkanda 'prezidentiň abraýyna kölege salýandygy' aýdylyp, dilegçilere we zibil dörýänlere garşy reýd geçirildi

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklar, giň ýaýran işsizlik, harytlaryň we hyzmatlaryň ýygy-ýygydan gymmatlamagy ilatyň sosial-ykdysady şertlerini barha agyrlaşdyrýar.

Bularyň arasynda, soňky ýyllarda ýurtda sadaka soramaga, dilegçilik etmäge ýa-da zibil dörmäge mejbur bolýan raýatlar, şol sanda çagalar göz-görtele köpelýär.

Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklar we onuň ilata ýetirýän täsirleri barada hiç hili mesele gozgamaýarlar, döwletiň maddy kömegine mätäç maşgalalaryň anyk sanyny hem äşgär etmeýärler.

Muňa derek, häkimiýetler dilegçileriň we zibil dörýänleriň “prezidentiň we ýurduň abraýyna kölege salýandygyny” aýdyp, olara garşy wagtal-wagtal reýd geçirýärler.

Galyberse-de, Türkmenistanyň hökümeti oba hojalyk pudagynda, şol sanda dokma senagaty üçin zerur bolan çig mal serişdeleriniň önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda ýyllarboýy tankyt edilýär.

Häkimiýetler ýüpek gurçugynyň ideg işlerinde, gowaçanyň otag işlerinde, ýeralma ýygnamak we pagta ýygmak işlerinde býujet işgärleriniň, esgerleriň, öňki tussaglaryň zähmetinden peýdalanýar. Bu işler üçin býujet işgärlerinden pul ýygnalýar ýa-da özlerine derek hakyna adam tutmak talap edilýär.

Degişli maglumat Aşgabatda ilatyň azyk ogurlamagy bilen bagly wakalar köpelýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.