Balkan welaýatynyň telekeçileri soňky bir aýyň dowamynda söwdanyň juda pes bolandygyny, sebitiň bazarlarynyň we dükanlarynyň hyrydarsyz boşap galandygyny aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň sebitiň bazarlaryna aýlanan habarçysy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan telekeçileriň ençemesi özleriniň uly maddy zyýan çekendiklerini gürrüň berdi.
“Gyzylarbat, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherleriniň daýhan bazarlarynda aýyň başyndan bäri söwda ýok. Bazarlaryň şu derejede boşap, hyrydarsyz bolmagy bilen bagly ýagdaý soňky gezek kowid pandemiýasy döwründe bolupdy” diýip, azyk söwdasyny edýän gyzylarbatly telekeçi aýtdy.
Telekeçiler bazarlarda alyjylaryň ýoklugy sebäpli satyn alan gök-bakja we et önümleriniň çüýräp, zaýa bolandygyny we bu önümleri zibile oklamaga mejbur bolandyklaryny hem aýdýarlar.
Degişli maglumat Lebaply telekeçiler ýanwaryň “krizis aýy” bolandygyny aýdýar“Ýüzlerçe kilogram gawunym çüýräp, zaýa boldy. Şu aý tekjelere satuwa goýan pomidor-hyýarlarymyň hem 90%-i çüýräp, zaýa boldy. Bu önümleriň bir bölegini mallara iým hökmünde beren bolsak, köpüsini mal iými hökmünde hem ulanyp bolmady. Bulary zibile oklamaga mejbur bolduk” diýip, telekeçi belledi.
Balkanabadyň daýhan bazarynda guradylan miweleri satýan bir söwdagär şu aýda söwdanyň pesligi zerarly, hatda söwda tekjesiniň salgydyny tölär ýaly hem pul gazanmandyklaryny aýdyp, özleriniň uly maddy zyýan çekendiklerini aýdýar.
“Adamlar bazara gelmegi tas doly bes etdiler. Diňe azyk däl, egin-eşik bölümlerinde hem söwda ýok. Telekeçileriň käbir harytlara ‘aksiýa’ yglan edip, ýagny iki haryt alana biri mugt diýip, hyrydar çekmek maksady bilen eden bu hereketleri hem netije bermeýär” diýip, balkanabatly telekeçi aýtdy.
Söwdanyň pes bolmagyndan diňe hususy telekeçiler däl, eýse döwlet eýeçiligindäki azyk dükanlarynyň söwdagärleri hem şikaýat edýärler.
Türkmenbaşynyň 2-nji belgili dükanynyň bir satyjysynyň habarçymyza aýtmagyna görä, maý aýynda ilatyň gündelik sarp edýän esasy azyk harytlarynyň biri hasaplanýan unuň alyjysy hem tas bolmady.
“Aprel aýynda adamlar 200 manatlyk hili pes uny satyn almak üçin nobata durardy. Adamlara maý aýynda näme bolanyna düşünmedik” diýip, dükan satyjysy anonim şertde gürrüň berdi.
Azatlyk bazarlarda ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň pese gaçmagy we onuň sebäpleri barada ýerli söwda resmilerinden teswir alyp bilmedi.
Degişli maglumat 'Zähmet haklary bazar sebedine gabat gelmeýär': HPG beýanaty we türkmen ykdysadyýetiniň reallyklaryTelekeçiler söwdanyň pes bolmagynyň sebäbini ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň, harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatlamagynyň arasynda, ilatyň alyjylyk ukybynyň peselmegi bilen düşündirýärler.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dürli sebitlerindäki bazarlarda söwdanyň pes bolmagy bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Şu ýylyň başynda lebaply telekeçiler sebitiň iň gelim-gidimli bazarlarynda alyjylaryň juda azalandygyny, ýanwaryň “krizis aýy” bolandygyny aýdypdylar.
Aprel aýynda aşgabatly synçy ýurda import edilýän harytlaryň we hyzmatlaryň walýutanyň “gara bazar” bahasyndan, aýlyklaryň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň bolsa resmi kursdan hasaplanylýandygyny, bu ýagdaýyň bolsa ilatyň satyn alyjylyk ukybyny pese gaçyrýandygyny aýtdy.
27-nji mart – 9-njy aprel aralygynda Aşgabatda bolan Halkara pul gaznasynyň ekspertleri saparyň yz ýany çap eden beýanatynda Türkmenistana walýutanyň resmi hümmetine gaýtadan seretmegi we düýpli üýtgetmegi maslahat berdiler.
2016-njy ýylyň ýanwarynda daşary ýurt pullarynyň resmi çalşygyna gadagançylyk girizen Türkmenistanyň häkimiýetleri dollaryň resmi kursuny 2015-nji ýyldan bäri 3,5 manat möçberinde saklap gelýär. Bu aralykda, onuň gara bazardaky bahasy alty esse gymmatlap, 20 manada ýetdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.