Balkanyň 10-a golaý obasynda iri şahly mallar köpçülikleýin haram ölýär. Ýerli resmiler muňa nämäniň sebäp bolýandygy barada aç-açan düşündiriş bermeýärler, ýöne obalary karantine alyp, uly göwrümde haýwanlary waksina etmek işlerini geçirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji awgustda sebitden maglumat berdi.
“Bu ýagdaý, mundan bir hepde gowrak ozal Türkmenistanyň Gazagystan bilen serhetleşýän obalarynda, Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäheriniň çetki obalarynda ýüze çykdy” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli maldar anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Onuň tassyklamagyna görä, şondan bäri, hususan-da, Tüwer, Çagla, Bekdaş suw, Göksuw, Tüýe geçdi obalarynda we başga-da, serhetýaka birnäçe kiçi obada iri şahly mallaryň köpçülikleýin haram ölmegi dowam edýär.
Degişli maglumat Lebapda iri şahly mallar ýene köpçülikleýin haram ölýärMaldarlaryň birnäçesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, olar haram ölen mallary soýup görenlerinde, malyň eti, hamala, ýanan ýaly dessine garalyp gidýär.
“Ilki mal eýeleri bu etleri satjak boldular. Ýöne olar sygyryň derisini aýranda, munuň sowet döwründe köp iri şahly mallara zeper ýetiren “sibir ýazwasy” diýilýän kesele meňzeş keseldigini çaklap, olary satmakdan saklandylar we Garabogaz şäher weterinariýa gullugyna ýüz tutdylar” diýip, başga bir maldar aýtdy.
Ýerli weterinariýa gullugy maldarlara iri şahly mallaryň arasynda epidemiýanyň ýaýraýandygyny aýdyp, olaryň haýsy keselçilikden köpçülikleýin haram ölýändigi barada aç-açan düşündiriş bermeýärler.
Emma olar bu keselçilik barada Balkan welaýat resmilerine maglumat berip, şondan soňra, has takygy 10-njy awgustda Garabogazyň ençeme obasyny karantine aldylar we iri şahly mallary waksina etmek işlerini güýçlendirdiler.
“Hatda, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek we welaýat weterinariýa gulluklarynyň işgärleri obalary hlorly erginler bilen zyýansyzlandyrmak işlerini hem geçirýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Mundan başga-da, ýerli häkimiýetler Garabogazdan ýurduň beýleki sebitlerine et geçirmegi wagtlaýyn gadagan etdi. Habarçymyza gadagançylygyň näçe wagt dowam etjekdigini öwrenmek häzirlikçe başartmady.
Degişli maglumat Marynyň towuk fermalarynda guşlar näbelli keselden köpçülikleýin gyrylýar“Resmiler bu obalardan beýleki etraplara iri we ownuk şahly mallaryň soňky bir hepdäniň dowamynda alnyp gidilendigini ýa-da gidilmändigini hem öwrenmäge çalyşýarlar. Olar bu barada maldarlardan, mal eýelerinden soraýarlar” diýip, ýerli maldar gürrüň berdi.
Azatlygyň bu barada ýerli häkimiýetlerden, şol sanda sebitiň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek we weterinariýa gulluklaryndan telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Redaksiýa bu barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň websaýtynda görkezilen telefon belgilerine hem jaň edip, habarlaşyp bilmedi.
Türkmenistanda ilatyň howlusynda saklaýan ýa-da süýdünden peýdalanýan haýwanlaryň, şol sanda iri we ownuk şahly mallaryň, şeýle-de düýeleriň näbelli kesele ýolukmagy we köpçülikleýin gyrylmagy bilen bagly ýagdaýlar soňky bäş ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ençeme gezek ýüze çykdy. Bu ýagdaýlar, hususan-da, 2019- 2020-2021-nji ýyllarda ýygjamlaşypdy.
Şonda ýurt resmileri bu ýagdaýlar we onuň sebäpleri barada düşündiriş ýa-da maglumat bermediler. Ýöne Azatlyk bilen söhbetdeş bolan maldarlar munuň sebäbini iri we ownuk şahly mallara döwlet tarapyndan kesellere garşy möwsümleýin sanjymlaryň öz wagtynda edilmezligi bilen düşündiripdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.