Türkmenistanda raýatlar daşary ýurtlara çykmakda öňünden yglan edilmedik täze talaplar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Ýaňy-ýakynda syýahatçylyk maksady bilen, Aşgabat halkara howa menzilinden Stambula uçmaga synanyşan 40 ýaşlaryndaky balkanly bir zenan migrasiýa işgärleriniň özünden 1500 dollar möçberinde pul serişdesini görkezmegi talap edendigini gürrüň berýär.
“Seniň syýahata barýanyň çynyň bolsa, ýanyňdaky pullaryňy görkez. Belki-de, sen işlemäge barýansyň!” diýip, balkanly zenan aerportda migrasiýa işgärleriniň özüne aýdan sözlerini sitirleýär.
“Men gapjygymdaky 210 ABŞ dollaryny we 100 türk lirasyny görkezdim. Olar meniň pullarymy görüp, 200 dollar az bolýar. Mundan beýläk, daşary ýurtlara syýahata barýan adamlar azyndan 1500 ABŞ dollaryny görkezmeli. Bu barada bize dilden tabşyryk berildi’ diýdiler” diýip, balkanly zenan aýdýar.
Şeýlelikde, ol özüniň uçara goýberilmändigini Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berip, ýurtdan çykmak üçin häkimiýetleriň müňlerçe manat para soraýandygyny aýdýar.
Degişli maglumat Türkiýede bikanun ýaşaýan türkmenleriň watanda galan garyndaşlary türk wizasyny alyp bilmeýärTürkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy täze talaplar boýunça öňünden hiç hili beýanat çap etmedi. Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar boýunça ýurduň migrasiýa resmilerinden teswir alyp bilmeýär.
Balkanly aýal onsuz hem Aşgabatda Türkiýe respublikasyna syýahatçylyk wizasyny almagyň örän kyn bolandygyny gürrüň berýär. Ol özüniň türk wizasyny almak üçin soňky bir aýyň dowamynda Balkan welaýatyndan Aşgabada ençeme gezek gatnamaly bolandygyny aýdýar.
Onuň sözlerine görä, Aşgabatdaky wiza merkezi syýahatçylyk wizasy üçin, başga-da on çemesi resminama bilen bir hatarda, ýüz tutujynyň bank hasabynyň soňky üç aýdaky hasabatyny, şeýle-de iki ýakyn garyndaşdan hemaýatkärlik boýunça notariuslarda tassyklanan kepillik hatyny talap edýär.
Türkiýäniň Aşgabatdaky wiza merkeziniň maglumatlaryna görä, syýahatçylyk wizasyny almak üçin, raýatyň ýagdaýyna görä, 18-e çenli resminama talap edilip bilinýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan balkanly zenan türk wizalaryny almagyň kynlaşandygyny aýdyp, Aşgabatdaky türk ilçihanasy bilen aradaky “araçylara 40 müň manat para berlen halatynda” wizalary aňsatlyk bilen alyp bolýandygyny aýdýar.
Üstesine, Türkmenistanda raýatyň pasportyndaky wizalary onuň Aşgabatdaky halkara howa menzilinden daşary ýurtlara çykyp biljekdigini aňlatmaýar.
Balkanly zenan Aşgabadyň aeroportundan daşary ýurda bökdençsiz çykmagyň parasynyň 20 müň manat bolandygyny aýdýar.
Degişli maglumat Türk wizalaryny almakda hemaýatkär talaby 'girizilýär'Günbatar sebitden bolan 40 ýaşlaryndaky birnäçe zenan, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde, daşary ýurda çykmak üçin zerur bolan çykdajylaryň umumy möçberiniň 80 müň manada çenli çykyp bilýändigini aýtdylar.
Biometriki pasport, wiza, bilet, ýurtdan çykmagyň bahasy, umuman, soralýan ähli resmi tölegler we paralar milli pulda 80 müň manada çenli çykyp bilýär.
80 müň manat Türkmenistanda dollaryň gara bazar bahasy boýunça, takmynan 4 müň dollara barabar bolýar.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.
Türkiýe 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda, Aşgabadyň haýyşy boýunça, türkmenistanlylar üçin wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy.
Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň 27-nji iýunda täzelän statistiki sanlaryna görä, Türkmenistan bu ýurtda ýaşaýyş rugsady bilen ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň arasynda birinji orunda durýar. Häzirki wagtda 112 müň 4 türkmenistanly bu ýurtdan ýaşaýyş rugsadyny alypdyr. Sanawda Türkmenistandan soňra Russiýa ikinji orunda gelýär. Bulardan başga-da, 67 müň 388 türkmenistanly gysga möhletli ýaşaýyş rugsady bilen, 19 müň 726 türkmenistanly student wizasy bilen, 7 müň 227 türkmenistanly bolsa, maşgala wizasy bilen bu ýurtda ýaşaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.