Balkanly agronom pagta hasylynyň 'pes boljakdygyny' duýdurýar

Illýustrasiýa suraty

“Bu ýylyň aşa yssy gelmegi, oba hojalygyndaky ýyllarboýy dowam edip gelýän meselelere netijeli çözgüdiň hödürlenmezligi we köp kärendiçileriň tejribesizligi bu ýylky pagta hasylynyň juda pes bolmagyna getirer”. Bu çaklamany 40 ýyllap oba hojalygynda ýer işleri bilen meşgullanan hünärmen Azatlygyň habarçysy bilen paýlaşdy.

Adynyň üýtgedilip ‘Bähbit aga’ diýlip tutulmagyny soran dynç alyşdaky hünärmen, ýurtda başlanan pagta ýygymy döwründe ýetişen gowaçanyň azlygyna tebigy ýagdaýlaryň hem sebäp bolýandygyny, emma köp babatda ynsan faktorynyň, şol sanda howanyň gyzgyn döwründe görülmeli çäreleriň amal edilmezliginiň hem uly rol oýnaýandygyny aýtdy.

Ol hususan-da Balkan welaýatynyň Bereket, Magtymguly, Gyzylarbat sebitleriniň telekeçiler tarapyndan kärende alnan ýerlerinde pagta hasylynyň juda azlygyna ünsi çekdi.

“Kän tejribesi bolmadyk kärendiçileriň ýerlerinde hatar ara bejergi işleri diňe 35-40% amal edilipdir. Bu, elbetde, çykdajylary azaltmak üçin edilýär, emma netijede bu suwsap oturan gowaçalaryň güllerini dökmegine sebäp bolýar” diýip, Bähbit aga belledi.

Ol soňky ýyllar howanyň aşa yssy gelmegi bilen, ýurtda suw üpjünçiligi bilen bagly meseläniň hem has ýaramazlaşandygyna ünsi çekdi. Ol bu ýagdaýlarda çuň kultewator arkaly gowaçanyň suw talap edýän ‘ak damaryny’ gyrkmagyň zerurdygyny nygtady.

Degişli maglumat 'Erksiz' emeldarlaryň täzelenmegi uzaga çeken oba meselesini çözermi?

“Munuň netijesinde, gowaçanyň suwsyzlyga çydamlylygy artýar we, beýleki şertler hem berjaý edilen halatynda, umumy hasylyň 60% töweregini halas edip bolýar. Ýöne sebitiň aglaba ýerlerinde bu amal edilmedi” diýip, Bähbit aga belledi.

Ol sebitdäki gowaçalaryň gozalarynyň eýýäm awgustyň 15-ne açylyp başlandygyny, munuň hem gowy alamat däldigini aýtdy.

“Suwsuz galan gowaçalara çyglylyk ýetmän, pagtanyň gozasy çigidi doly ýetişmezden açylýar. Bu soňundan pagta ýagynyň we süýmüniň ýetmezçiliginiň dörejekdigine yşarat edýär” diýip, öňki agronom belledi.

Ol häkimiýetleriň gowaça hatarlarynyň arasyny 60 sm-den 90 sm-e çenli artdyrmak talabynyň hem ýalňyş bolandygyny aýtdy.

“Häkimiýetler muny kombaýnlaryň hereketiniň amatlylygy nukdaýnazaryndan etdiler. Ýöne islendik tehnika öndüriji bilen öz şertleriňe we isegleriňe görä üýtgeşmeleri ylalaşyp bolýar. Biziňkiler aňsadyna bakyp, ýene daýhanyň zyýanyna boljak bir talaby girizýärler. Hatar aralarynyň has açylmagy netijesinde, bir gektar ýeriň 30% bölegi ulanylman galýar, iň esasysy hem gowçalaryň kökleriniň yzgary saklamak ukyplylygy peselýär” diýip, Bähbit aga nygtady.

Ol kärendeçileriň tehnika, suw, tohum we dökün üpjünçilikleriniň hem ýylyň-ýylyna ýaramazlaşýandygyny, bularyň hem köplenç hasylyň pes bolmagyna getirýändigini sözüne goşdy.

Türkmenistanda döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleri, şol sanda gowaça ýetişdirilende döwlet daýhanlaryň suw, dökün, tohum we tehnika üpjünçilik meselelerini öz üstüne alýar. Öz gezeginde daýhanlar özleriniň kärende ýerlerinden bellenilen möçberde hasyl almaga we alan hasylyny döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaga borçlanýarlar.

Ýöne kärendeçiler özleriniň üpjünçilik meselesiniň ýyllarboýy ýaramazdygyny aýdýarlar.

Türkmen hökümeti we metbugat serişdeleri bu barada aç-açan mesele gozgamaýarlar.​

Türkmenistanda şu ýyl ýurt boýunça 580 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny almak göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.