Balkanda satyn alynmaýan “haj zyýarat ýollanmalary” myhmanhana ýolbaşçylarynyň gerdenine ýüklenýär

Türkmen haj zyýaratçylary (Arhiw suraty)

Türkmenistanda Gurban baýramyna bir aýdan hem az wagt galanda, Balkan welaýatynyň häkimiýetleri şu ýylyň haj möwsüminde Saud Arabystany patyşalygyna iberiljek adamlary ýygnamak boýunça “zyýarat ýollanmalaryny” satyp başlady.

Ýöne döwletiň guramaçylygyndaky bu ýollanmalary satyn almaga isleg bildirýänleriň juda azdygy sebäpli, häkimiýetleriň bulary myhmanhana ýolbaşçylarynyň gerdenine ýükleýändigi habar berilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji maýda sebitden maglumat berdi.

“Balkan welaýat häkiminiň din işleri boýunça bölümi şu ýylyň haj möwsüminde Saud Arabystany patyşalygyna iberiljek adamlary saýlamak we ýygnamak işlerine başlady. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem döwlet tarapyndan haj zyýaratyna ýollanmalaryň iki görnüşi gelip gowuşdy” diýip, Türkmenbaşy metjidiniň din resmisi anonim şertde gürrüň berdi.

Degişli maglumat Türkmenistanda 'aşa dinçi' hasaplanan işgärlere işden çykarylmak haýbaty atylýar

Onuň tassyklamagyna görä, birinji görnüşdäki ýollanma esasynda haj zyýaratyna gitjek adamlar tölegleri Merkezi bankyň kursy boýunça geçirerler. Bu görnüşdäki ýollanmalaryň sany juda çäkli bolup, olaryň her biriniň bahasy 5 müň 500 manada barabar.

“Ikinji görnüşdäki ýollanma esasynda haj zyýaratyna gitjek adamlar çykdajylary gara bazar nyrhyndan geçirmeli bolarlar. Bu ýollanmalaryň her biriniň umumy bahasy 50 müň manada barabardyr. Bu gara bazar nyrhynda $2500, resmi kursda $14200-e deň bolýar” diýip, din resmisi gürrüň berdi.

Şu ýyl Balkan welaýatyna ikinji topara degişli ýollanmalaryň jemi 450 sanysy gelip gowuşdy. Ýöne din resmisi we welaýat häkimligindäki ygtybarly çeşmämiz şu ýyl 50 müň manat töläp, ýollanmalary satyn almaga gyzyklanma bildirýän adamlaryň tas ýokdugyny aýdýarlar.

“Iki hepdä golaý wagt bäri her gün we anna güni okalýan juma namazlarynda adamlara erkin we nobatsyz haj zyýaratyna gidip biljekdikleri barada zyýarat ýollanmalarynyň bardygy hakda reklama edýäris. Haj zyýaratyna gitmek isleýänler köp. Ýöne gynansak-da, ykdysady kynçylyklaryň arasynda, adamlaryň maddy mümkinçiliginiň günsaýyn ýaramazlaşýandygy sebäpli ýollanma isleg bildiýänler tas ýok. Häzirki güne çenli welaýat boýunça bu ýolllanmalaryň diňe 25 sanysy satyldy. Bu, juda pes görkeziji” diýip, din resmisi belledi.

Geçen ýyllarda Azatlygyň habarçylary haj zyýaratçylarynyň sanawyna goşulmak isleýänlerden 4-5 müň dollara çenli “töleg” soralandygy barada birnäçe gezek maglumat beripdiler.

Bu aralykda, Türkmenbaşynyň häkimiýetleri myhmanhanalaryň ýolbaşçylaryny satylmaýan “zyýarat ýollanmalaryny” satyn almaga mejbur edýär.

“Olar myhmanhana ýolbaşçylaryna ‘ýakynlaryňyza, ene-atalaryňyza ýa-da islän adamyňyza beriň, ýöne her biriňiz bir ýollanma satyn alyň’ diýdiler. Şeýle-de, olar telekeçilerden, uly marketleri bolan gurply adamlardan hem ýollanma satyn almagy talap etdiler, ýöne olar geçen ýyl hem ýollanma satyn alandyklaryny aýdyp, ret etdiler” diýip, welaýat häkimligindäki çeşmämiz aýtdy.

Degişli maglumat Haj zyýaratyna ugradyljak adamlar seljerilýär, korrupsiýa aladalary bildirilýär

Ol ýollanmalaryň ählisi satylmasa, onda bularyň “býujet işgärleriniň boýnuna ýüklenmeginiň gaty ähtimaldygyny” hem belledi.

“Geçen ýylda bolşy ýaly, ýaşy 60-dan aşan ýolbaşçylary, lukmanlary ýa-da ýokary aýlyk alýan hukuk goraýjylary, ýuristleri san doldurmak üçin mejbury haj zyýaratyna goşmasalar, bu, ýene býujet işgärleriniň boýnuna ýüklener. Bilim we saglyk işgärleri pul ýygnap, ýollanma satyn alyp, bir kärdeşini haj zyýaratyna ugratmaly bolarlar. Sebäbi ähli uçar reýsleri we Saud Arabystanyndaky myhmanhanalar öňünden bent edilip, olaryň puly eýýäm döwlet tarapyndan geçirilen” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlygyň bu aýdylanlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Din ulamalary yslamda haj parzynyň gurby çatýan adamlara parz yglan edilendigini aýdýarlar.

Ilatynyň aglabasy musulmanlardan bolan dünýewi Türkmenistanyň hökümeti haj zyýaratyny her ýyl berk döwlet gözegçiligi astynda guramalaşdyrýar.

Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti şu ýylyň haj möwsüminde Saud Arabystanyna iberiljek ýurt raýatlarynyň sanyny heniz yglan etmedi. Ýöne geçen ýyl bu san 2312 adama barabar bolupdy. Şonda hajylyga dalaşgärlerden diňe 289 adamyň ýol çykdajylary “Türkmenhowaýollary” agentliginiň üstüne ýüklenipdi.

Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde berjaý edilýän haj parzy bu ýyl iýun aýynyň 16-17-18-i günlerine gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.