Awgust aýynyň ortalaryndan bäri, Balkan welaýatynyň gowaça meýdanlarynda mejbury pagta ýygymyna çekilýän çagyryş boýunça harby gullugyň esgerleriniň, bu işlerden daşary, serkerdeler tarapyndan hojalyklara tölegsiz işçi hökmünde paýlanyp berilýändikleri barada maglumatlar gelip gowuşýar. Bu ýagdaý ýaňy-ýakynda birnäçe esgeriň harby gullukdan gaçmagyna sebäp bolupdyr.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy harby çeşmelere salgylanyp, esgerleriň pagta ýygymyna çekilmegi we mejbury zähmet aladalarynyň fonunda, birnäçe esgeriň harby gullukdan gaçmagy barada habar berýär.
Gury ýer goşunlary sebitiň harby bölümlerindäki çagyryş boýunça harby gullukçylary 15-nji awgustda ýatymlaýyn esasda köpçülikleýin pagta ýygymyna çekip başlapdyr. Olar Bereket, Gyzylarbat we Magtymguly etraplarynda göçme çadyrlarda bolup, bir aýdan gowrak wagt bäri pagta ýygýan ekeni.
Türkmenistan pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmakda ýyllarboýy tankyt edilýär.
Degişli maglumat Milli howpsuzlyk işgärleri pagta meýdanlaryna gözegçilik edýärlerAzatlyk Radiosynyň habarçylary awgustyň soňky hepdesinde günbatar sebitde býujet işgärleriniň gowaça meýdanlaryna çekilip başlanandyklaryny habar berdi.
Bu sebitde esgerler, has ozal, eýýäm 15-nji awgustda ýygyma çekilip başlanypdyr.
Ýöne harby çeşmeler esgerleriň diňe bir pagta ýygymyna mejbury çekilmegi däl, eýsem, hususy hojalyklarda olardan gullukçy hökmünde peýdalanylmagy bilen bagly üsti açylan hadysalar barada habar berýärler.
Bu barada aýrybaşga iki wakanyň jikme-jiklikleri Azatlyk Radiosyna gelip gowuşdy.
Birinji wakada, harby çeşmeler, çagyryş boýunça harby gullukçylaryň ofiserler we starşinalar tarapyndan gündiz pagta ýygymyndan soňra, hojalyklara paýlanyp berlip, olaryň oba hojalyk işlerinde işledilmegi barada habar berdiler.
“Gyzylarbat etrabynyň Azady adyndaky daýhan birleşigine ýatymlyk pagta ýygymyna alnyp gidilen esgerlerden bäş esger 7-nji sentýabrda bir hususy hojalygyň melleginde işläp ýören ýerlerinden gaçypdyrlar. Olar etrabyň otly menzilinde ele salynýarlar we harby bölümleriň jeza beriş rotasynda 10 gije-gündiz möhlet bilen jezalandyrylýarlar” diýip, harby çeşme aýdýar.
Ikinji wakada başga-da birnäçe esger pagta meýdanlarynyň golaýyndaky göçme çadyrlardan gaçyp, 14-nji sentýabrda paýtagt Aşgabada aşmagy başarýarlar. Olar Aşgabadyň bir awtoulag menzilinde polisiýa tarapyndan ele salynýarlar.
“Esgerler harby prokuraturalaryň ygtyýarnamasy bilen Gyzylarbada ugradylmazdan ozal, soraga çekilipdirler. Olar şonda özleriniň ofiserler tarapyndan hususy hojalyklara gullukçy hökmünde paýlanyp berilmekleri barada gürrüň beripdirler. Bu mesele boýunça iki sany ofiseriň hem-de üç sany starşinanyň üstünden jenaýat işi gozgalypdyr” diýip, harby çeşme aýdýar.
Maglumata görä, bu wakada hem agşam sagat 18:00 töwereklerinde ýygym işleri tamamlanandan soňra, esgerler ofiserler tarapyndan hususy hojalyklara gullukçy hökmünde paýlanyp berilýän ekeni. Harby ofiserler her bir esger üçin hojalyklardan 60-70 manat möçberinde töleg kabul edýän ekeni.
Käbir esgerler irdenden agşama çenli gowaça meýdanlarynda, agşamdan irdene çenli hususy hojalyklarda bolýan ekeni.
Degişli maglumat Täze buýruga garamazdan, Lebapda mekdep okuwçylary pagta ýygymyna çekilýär“Bu iş boýunça tussag edilen ofiserler häzirki wagtda wagtlaýyn tussaghanalara ýerleşdirildi” diýip, harby çeşmeler aýdýar.
Ýöne harby prokuraturalar tarapyndan hasaba alnan bu wakalara garamazdan, esgerleriň pagta ýygymyna mejbury çekilmegi ýatyrylmandyr.
Bu aralykda, 16-njy sentýabrda Türkmenistanda güýzki harby gulluga çagyryş möwsümi yglan edildi.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň harby edaralarynda ýüze çykýan kanun bozmalar, harby gullukçylaryň ýaramaz iş şertleri, esgerleriň amatsyz gulluk şertleri, harby bölümlerdäki üpjünçilik meseleleri ýaly giň ýaýran problemalar barada yzygiderli habar berip gelýär.
Şol bir wagtda, Azatlyk ýurduň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanylmagy, bu ýagdaýyň ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalary tarapyndan berk tankyt edilmegi barada yzygiderli habar berip gelýär.
Türkmenistanyň häkimiýetleri adam mertebesini basgylamakda, ynsan hukuklaryny depelemekde adam hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan berk tankyt edilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.