Balkanda býujetçiler, okuwçylar we esgerler mejbury pagta otagyna ýatymlaýyn çekilýär

Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Balkan welaýatynyň häkimiýetleri sebitiň gowaça meýdanlarynda otag işleriniň depginini güýçlendirdiler. Edara-kärhanalaryň işgärleri, harby birikmeleriň esgerleri we orta hünär mekdepleriniň okuwçylary mejbury pagta otagyna köpçülikleýin we ýatymlaýyn çekilýärler. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri bu işleriň batlanmagyna prezident Serdar Berdimuhamedowyň gowaça meýdanlaryna ideg işleriniň ýagdaýyndan nägile bolmagynyň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

“Prezident 13-nji iýunda Balkana sapar edip, galla oragynyň depgini bilen tanşanda, ot basan gowaça meýdanlaryny dikuçardan synlady. Şonda prezident welaýat häkimine we bu pudaga gözegçilik edýän wise-premýere nägilelik bildirdi. Şondan soň welaýat häkimi gowaça meýdanlarynda otag işlerini güýçlendirip, gaýragoýulmasyz işleri amal edýän edara-kärhanalardan başga tas ähli pudagyň işgärlerini pagta otagyna ýatymlaýyn çekip başlady” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.

Degişli maglumat Maryly býujet işgärlerinden gowaça ýekelemek işleri üçin pul toplanýar

Otag işleri Gyzylarbat we Bereket etraplarynyň gowaça meýdanlarynda geçirilýär. Býujet işgärleri edara ýolbaşçylaryna salgylanyp, bu işleriň iýulyň birinji ongünlügine çenli dowam etjekdigini aýdýarlar.

Beýleki etraplardan ýatymlaýyn gelen orta hünär mekdepleriniň okuwçylary we mugallymlary Bereket etrap myhmanhanasyna, býujet işgärleri bolsa Berekediň 5-6-8-16-28-44-nji mekdeplerine ýerleşdirildi.

Býujetçileriň ençemesi mekdepleriň her birinde 100-e golaý işgäriň ýaşaýandygyny aýdyp, bularda şertleriň örän agyrdygyny belleýär.

“Mekdeplerde howa sowadyjylary ýok. Howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusa golaýlaýan we gijelerine onuň ýalynly howasy saklanyp galýan mahaly, bu ýagdaý býujetçileri örän köseýär” diýip, balkanly býujet işgäri habarçymyza gürrüň berdi.

Býujet işgärleri gowaça meýdanlarynda otag işleriniň bu ýyl has giň gerimde alnyp barylýandygyny aýdýarlar. Pagtaçy kärendeçileriň birnäçesi munuň sebäplerini daýhanlaryň kärende ýerlerine ideg edip ýetişmezligi bilen baglanyşdyrýar.

“Şu ýylyň başynda 10 gektardan az möçberde kärende ýeri bolan daýhanlaryň kärende ýerleri elinden alyndy. Has köp kärendeçä köp gektarly ýerler paýlandy. Indi bu kärendeçilere gowaça meýdanlaryna ideg etmek işlerini geçirmek başartmaýar. Köp meýdany haşal otlar basdy” diýip, balkanly daýhan belledi.

Degişli maglumat Gowaça meýdanlarynda ýekeleme işlerine badalga berildi, ideg işleri agyr zähmet talap edýär

Azatlyk bu ýagdaýlar barada welaýat, Gyzylarbat we Bereket etrap häkimliklerinden, şeýle-de agzalan mekdeplerden kommentariýa alyp bilmedi.

TDH gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işlerinde, şol sanda hatarara bejergi, ýekelemek we otag işlerinde oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan peýdalanylýandygyny aýdýar.

Ýöne Azatlygyň habarçylary bu işlerde agyr ynsan zähmetinden ýa-da býujet işgärleriniň maddy serişdesinden peýdalanylýandygyny ýyllarboýy aýdyp gelýärler.

Soňky ýyllarda hukuk toparlarynyň ençemesi Türkmenistany özüniň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt etse-de, türkmen häkimiýetleri ýurtda mejbury zähmetiň bardygyny ret edip gelýärler.

Degişli maglumat HZG Türkmenistan boýunça synyna başlan mahaly, garaşsyz hukuk toparlary täze hasabat ýaýratdy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.