Balkanda bolan ýer titreme ýerli ilaty gorkuzdy

Balkanabat şäheri. Türkmenistan (Arhiwden surat)

Balkan welaýatynda 28-nji sentýabrda bolan ýer titreme sebitiň birnäçe ýerinde duýuldy. Ýer sarsgyny zerarly jaýlaryň yranmagy ýerli ilaty gorkuzdy. Resmileriň we döwlet media serişdeleriniň dymmagyndaky maglumat ýetmezçiligi tebigy hadysa bilen ýüzbe-ýüz bolan adamlaryň aladasyny artdyrdy.

Balkanabat we Gyzylarbat şäherlerinde ýer yranmasynyň 28- nji sentýabrda 17 sagat 15 minutda orta derejede duýulandygyny ýerli habarçymyz gürrüň berdi.

"Ýeriň yranmagy bilen bagly hadysa Balkanabadyň we onuň golaýyndaky obalaryň ýaşaýjylaryny örän gorkuzdy. Adamlar gyssagly öýlerini terk edip, daşary çykmaga mejbur boldy. Howluly jaýlarda ýaşaýan hojalyklar howsala düşüp, howlularynda keçe düşäp oturdylar" diýip, habarçymyz Balkanabatdaky ýagdaý barada öz görenlerini gürrüň berdi.

Degişli maglumat Eýranda ýer yrandy, sarsgyn Aşgabatda hem duýuldy

Balkanabatly ýaşaýjylaryň Azatlyk bilen paýlaşan maglumatlaryna görä, ýer titrän pursadynda jaýlarda öý goşlary we yşyklar 1-2 minutlap yranypdyr. Özlerini erbet duýan adamlar hem bolupdyr.

"Adamlaryň ýeriň sarsgynyna başy aýlanyp, ýerinden galyp bilmän oturanlar hem boldy. Öýünden kürsäp daşyna çykanlar hem köp boldy" diýip, balkanabatly söhbetdeşimiz anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň ýene bir habarçysynyň Balkan welaýatynda bolan ýer titreme barada beren maglumatynda ýer yranmasynyň Gyzylarbatda hem güýçli duýlandygyny aýtdy.

"Gyzylarbat, Nebitdag we töwerekler titredi. Internetdäki maglumata göz aýlasam, 4,6 magnitudaly ýer titreme hasaba alnypdy" diýip, ýene bir habarçymyz aýtdy.

Ýer titremeleri hasaba alýan earthquaketrack.com websaýtynda çap bolan maglumatda 28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Balkan welaýatynda dörän ýer yranmasy Gyzylarbat şäherinden 21 kilometr uzaklykda bolup, onuň güýji 4,6 magnituda ululykda hasaba alnypdyr.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan balkanly ýaşaýjylar öz ýaşaýan sebitiniň seýsmiki aktiw zonada ýerleşýändigini belläp, özleriniň we çagalarynyň geljegini alada edýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň giňişliginde ýer titremeler wagtal-wagtal bolýar.

22-nji sentýabrda Türkmenistan bilen Eýranyň serhet sebitinde ýer yrandy. Şonda Azatlygyň ýerli habarçysy 4,8 magnitudaly sarsgynyň Aşgabatda duýlandygyny habar berdi.

Degişli maglumat Türkmenistanda 5,3 magnitýudly ýer yranmasy boldy

Seýsmiki aktiw zonada ýerleşýän Türkmenistanyň ilaty soňky ýylda beýleki ýurtlarda bolýan ýer titremeleri hem duýýar.

Geçen ýylyň 7-nji oktýabrynda Owganystanyň günbatar-demirgazygynda bolan heläkçilikli 6,3 bally ýer titremesiniň sarsgynlary Türkmenistanda hem duýuldy. Eýranda we Gyrgyzystanda bolan ýer yranmalary hem Türkmenistanda duýulyp, ilat arasynda aljyraňňylyk döretdi.

Türkmen häkimiýetleri we resmi habar serişdeleri goňşy ýurtlarda bolýan tebigy betbagtçylyklar sebäpli döwlet derejesinde gynanç bildirip, ýardam hödürleýär, emma öz giňişligindäki tebigy hadysalary düýpden agzamaýar.

Earthquaketrack.com websaýtynyň maglumatyna görä, soňky 24 sagatda Türkmenistanyň giňişliginde ýer titreme bolmandyr. Maglumata görä, Türkmenistanyň giňişliginde soňky 7 günüň içinde bolan bir ýer titreme, 30 günüň dowamynda 5 sany ýer titreme we bir ýylyň dowamynda 55 sany ýer titreme hasaba alnypdyr.

Degişli maglumat Gyrgyzystan-Hytaý serhedinde bolan ýertitreme Türkmenistanda ilat arasynda dowul döretdi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.