Balkanabatda bolan ýol hadysasynda bir okuwçy heläk boldy, ýene biri ýaralandy

Türkmenistanda bolan ýol hadysalarynyň biri (Illýustrasiýa suraty)

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde 1-nji sentýabrda adam pidasyna getiren ýol-ulag hadysasy boldy. Bir mekdep okuwçysy wakanyň bolan ýerinde heläk boldy, ýene biri hassahana ýerleşdirildi.

Heläkçiligiň yz ýanynda, şäheriň köçelerinde we mekdepleriň töwereklerinde polisiýanyň işjeňligi ýokarlandy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi.

“Ýol hadysasy şäheriň 3-nji mekdebiniň golaýynda ir sagat 7:30 töwereginde boldy. Aşa ýokary tizlik bilen barýan ýeňil awtoulagyň sürüjisi pyýada geçelgesinden geçip barýan iki mekdep okuwçysyny ulag bilen kakyp, agyr şikes ýetirdi” diýip, waka şaýat bolan ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Heläkçiligiň netijesinde 3-nji mekdepde okaýan 4-nji synp okuwçy oglan wakanyň bolan ýerinde jan berdi. Çagalaryň beýlekisi okuwçy gyz bolup, ol hassahana ýerleşdirildi we bar bolan soňky maglumatlarda onuň aýagynyň döwlendigi anyklandy.

Degişli maglumat Aşgabat-Daşoguz gara ýolunda bolan ulag hadysasynda dokuz adam heläk boldy

“Ýekşenbe günüdigine garamazdan, 1-nji sentýabr Bilimler güni mynasybetli mekdepler ir bilen ähli okuwçylary kabul ediş çäresini geçirdiler. Mekdepleriň gapysy açylyp, okuwçylaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda uly çäreler geçirildi. Heläkçiligiň bolan wagty okuwçylar bu çärelere barýar ekeni” diýip, ýagdaýlardan habarly başga bir ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyga ulag sürüjisiniň soňky ykbalyny anyklamak häzirlikçe başartmady. Redaksiýa bu barada sebitiň ýol polisiýasyndan teswir hem alyp bilmedi. Ýöne wakanyň yz ýanynda, şäheriň köçelerinde we mekdepleriň töwereklerinde polisiýanyň işjeňligi ýokarlandy.

“Wakadan soň, gün ortasynda ýollarda polisiýa işgärleriniň sany köpeldi. Olar sürüjileriň resminamalaryny barlap, ulaglaryň tizligini ölçäp başladylar. Şeýle-de, olar daşky görnüşi polisiýa işgärleri tarapyndan ‘erbet, köne, hapa’ hasaplanan ulaglary jerime duralgalaryna akidýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli sürüji anonimlik şertinde aýtdy.

Şeýle-de, polisiýa işgärleri mekdepleriň töwereklerinde reýdleri geçirip, ulagyny sagatda 40 km tizlikden ýokary dolandyran sürüjilere jerime salýarlar.

Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri bu çäreleriň sebäbini “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň başlanmagy bilen düşündirýärler.

Türkmenistanda 2013-nji ýyldan bäri her ýylyň 1-nji sentýabr – 30-njy sentýabr aralygynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk geçirilýär. Biraýlygyň dowamynda PÝGG-niň işgärleriniň köçelerdäki işjeňligi ýokarlanýar.

Degişli maglumat Ýol howpsuzlygynyň biraýlygynda aýal sürüjiler häkimiýetler tarapyndan nyşana alynýar

Türkmen häkimiýetleri biraýlygyň köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygy babatda habarlylyk kampaniýalaryna, ýurtda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, ýol-ulag hadysalarynda şikes ýetmeleriň öňüniň alynmagyna we şu ugurdaky işiň yzygiderli dowam etdirilmegine gönükdirilendigini aýdýar.

Ýöne sürüjiler biraýlygyň dowamynda ýol-ulag hadysalarynyň azalmaýandygyny aýdyp, munuň PÝGG-niň işgärleriniň ulag eýelerinden para almak çäresine öwrülýändigini aýdýarlar.

“Ulag hapa diýýärler ýa-da daşky boýagy erbet diýýärler. Kömürden ýa-da demirden bahana tapyp, polisiýa işgärleri sürüjilerden yzygiderli para alýarlar. Paranyň möçberi 100-200 manat aralygynda üýtgeýär. Biraýlyk polisiýa işgärleriniň köçelerde sürüjileri esassyz nyşana almalary bilen ýatda galýar” diýip, balkanabatly sürüji anonimlik şertinde aýtdy.

PÝGG Türkmenistanda bolýan ýol-ulag hadysalary barada hasabat bermeýär. Içeri işler ministrligi hem, ýol heläkçilikleri barada hasabat çap etmeýär. Döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri hem ýol hadysalaryny agzamaýar.

Ýöne Azatlygyň habarçylary adam pidalaryna getirýän köçe-ýol hadysalary barada yzygiderli habar berýärler. Şu ýylyň ilkinji sekiz aýynyň dowamynda diňe Azatlygyň habar beren aýrybaşga dokuz ýol hadysasynda azyndan 46 adam heläk boldy, başga-da onlarça adam ýaralandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.