Balkan pagta planyny doldy, beýleki sebitler barada maglumat berilmeýär

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistan şu ýyl Balkan welaýaty boýunça döwlet tarapyndan kesgitlenen gowaça planynyň dolandygyny aýdýar.

Resmi media bu barada 12-nji noýabrda habar berdi we ýurduň günbatar welaýatynda 16 müň tonnadan gowrak gowaçanyň döwlet harmanyna tabşyrylandygyny aýtdy.

Emma munuň bilen bagly beýleki sebitler boýunça hiç hili maglumat hödürlenmedi. Ýogsa, 12-nji noýabrda mejbury ýagdaýda Hasyl toýy hem geçirilipdi.

Türkmenistanda şu ýyl ýurt boýunça 580 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny almagy göz öňünde tutupdy.

Daýhanlar döwletiň üpjün etmeli suw, tehnika, dökün meseleleriniň hemişe diýen ýaly wagtynda we doly çözülmeýändigini aýdýarlar.

Türkmenistan çig pagtasyny Russiýa, Hytaýa, Günorta Koreýa, Türkiýe, Britaniýa we başga-da birnäçe ýurda eksport edýär.

Halkara adam hukuklary toparlary Türkmenistanyň pagta pudagynda mejbury zähmetiň ulanylmagyny yzygiderli tankytlaýarlar.