Gazagystanyň günbataryndaky Aktau şäheriniň golaýynda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwdan Russiýa barýan ýolagçy uçary heläkçilige uçrady, onuň bortunda 67 adam bardy diýip, gazak häkimiýetleri 25-nji dekabrda habar berdi.
Resmiler, deslapky maglumatlara görä, onlarça adamyň ölendigini, ýöne 30-dan gowrak adamyň diri galandygyny aýtdylar.
Azerbaýjanyň Baş prokuraturasy Bakuwda žurnalistlere azyndan 32 adamyň diri galandygyny we bejergi alýandygyny aýtdy.
Gazagystanyň Saglyk ministrligi 27 adamyň, şol sanda iki çaganyň sebit keselhanasyna äkidilendigini aýtdy. Beýanatda 11 adamyň ýagdaýynyň agyrdygy we agyr näsaglar bölümine ýerleşdirilendigi aýdylýar.
Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi halas ediş toparlarynyň heläkçiligiň bolan ýerine barandygyny, ýangyn gullugynyň ýangyny söndürendigini aýtdy.
Azerbaýjan howa ýollary J2-8243 uçar belgisi bolan “Embraer 190” uçarynyň Bakuwdan Çeçenistanyň paýtagty Grozny şäherine uçandygyny, ýöne Aktaudan takmynan üç kilometr uzaklykda gyssagly gonmaga mejbur bolandygyny aýtdy.
Uçar heläkçiliginiň sebäbi bada-bat belli bolmady. Gazak polisiýasy derňew işine başlady.
Russiýanyň Federal Howa transport gullugynyň metbugat sekretary deslapky maglumatlara salgylanyp, uçara gelip uran guşuň “bortda adatdan daşary ýagdaýyň döremegine” getirmegi sebäpli, pilotyň Aktau şäherine sowulmak kararyna gelendigini aýtdy.
Metbugat habarlarynda mundan öň uçaryň Groznydaky duman sebäpli ugruny üýtgedendigi aýdylypdy.
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew premýer-ministriň orunbasary Kanat Bozymbaýewiň ýolbaşçylygynda, bu hadysanyň sebäplerini derňemek üçin, ýörite komissiýa döretdi.
Şeýle-de, Tokaýew aman galanlary bejermäge kömek etmek üçin paýtagt Astanada jemlenen lukmanlar toparyny Aktaua ibermegi tabşyrdy.
Prezident edarasynyň habaryna görä, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynyň (GDA) resmi däl sammiti üçin Russiýa edýän saparyny gysgaldyp, Bakuwa gaýdyp geldi.
Azerbaýjanyň metbugat gullugynyň habaryna görä, Alyýewiň görkezmesi esasynda, azerbaýjan hökümetiniň wekilleri Aktau şäherine ugrady.
Delegasiýanyň hataryna sanly awiasiýa, ulag we adatdan daşary ýagdaýlar ministrleri, saglygy goraýyş ministriniň orunbasary, baş prokuroryň orunbasary we Döwlet raýat awiasiýasy gullugynyň müdiriniň orunbasary goşuldy diýip, habarda aýdylýar.
Uçardaky ýolagçylar Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Russiýanyň raýatlary diýip, ýerli habar gulluklarynyň habarynda aýdylýar.