11-nji noýabrda Bakuwda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasyna (COP29) gatnaşyjylaryň 29-njy konferensiýasy açyldy.
Guramaçylaryň aýtmaklaryna görä, bu çärä 200 ýurtdan 67 müňe golaý wekil gatnaşýar. Olar global maýlama garşy göreş we Pariž ylalaşygy şertnamasy boýunça alnan borçnamalary ýerine ýetirmek barada maslahat edýärler.
Şeýle-de, gatnaşyjylar soňky 15 ýylda ilkinji gezek howa maksatnamalaryny maliýeleşdirmek we ösýän ýurtlara howanyň üýtgemegine garşy göreşde goldaw bermek meselesine serederler.
Çehiýanyň premýer-ministri Petr Fiala ösýän ýurtlar üçin ýyllyk kömek bukjasynyň 100 milliard dollar boljakdygyny aýtdy.
Fialanyň sözlerine görä, ýewropa ýurtlary howanyň üýtgemeginiň netijelerine garşy göreşmeli, ýöne şol bir wagtda özleriniň ykdysady ösüşini, bäsdeşlige ukyplylygyny we raýatlaryň ýaşaýyş derejesini ýatdan çykarmaly däldir.
"Ýewropa howa maksatlaryna ýetmekde ýeke bolmaly däl" diýip, Fiala žurnalistler bilen söhbetdeşlikde aýtdy.