Bäherden etrabynyň iki obasyny sil basdy

Ahal welaýatynyň Bäherden etraby. (Illýustrasiýa suraty)

Ahal welaýatynda 15-nji sentýabrda ýagan güýçli ýagyn zerarly käbir ýaşaýyş ýerleri suw basdy. Bäherden etrabynda birnäçe obasynda dagdan gelen sil suwlary ýollary, jaýlary, mellekleri we ekin meýdanlaryny zaýalady.

"Garaul we Nohur daýhan birleşiklerinde siliň akan ýerlerinde uly jarlar döredi. Dagyň bölekleri opurylyp ýollaryň birnäçesinde ulag hereketi iki günläp kesildi" diýip, Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň biri gürrüň berdi.

Sil suwlarynyň dagdan gelmegine 15-nji sentýabrda ýagan güýçli ýagyn sebäp bolupdyr. Günüň başynda bir sagada golaý ýagan güýçli ýagyşyň netijeleri obalarda başda köp duýulmandyr, emma gysga wagtdan dagdan sil gelipdir.

"Esasy ýagyş dagyň depesinde ýagyp, dagdan güýçli sil 200, 300 metr beýiklikden aşak gaýdyp, siliň akymyna düşen arça agaçlaryny we uly daşlary syryp gaýtdy" diýip, oba ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Degişli maglumat Agyr ýagyşlar Bendesende oba infrastrukturalaryna zyýan ýetirdi, gök-bakja ekinleri zaýalandy

Silden dag eteginde otlap ýören mallar hem zyýan çekipdir.

"Käbir dowarlaryň dagyň gerşinde otlaýan mallary sil suwuna garylyp, mallaryny ýitiren hojalyklar hem bar" diýip, ýene bir ýaşaýjy gürrüň berýär.

Garaul daýhan birleşiginde 2000 golaý hojalyk, Nohur obasynda 700 golaý hojalyk bar.

Azatlygyň habarçysynyň maglumatyna görä, Nohur obasynda 30 golaý hojalyga zyýan ýetipdir. Garaul obasynda 60 hojalyk zyýan çekipdir.

Sil suwlarynyň getiren uly daşlarynyň obalaryň dürli ýerlerinde üýşüp ýatandygyny, daşlaryň käbiriniň agramynyň onlarça kilograma ýetýändigini ýaşaýjylar aýdýar.

Häzir obalaryň ýaşaýjylary siliň netijelerini we ýetiren zyýanyny aýyrmak boýunça iş geçirýärler. Ýollary, mellekleri palçykdan we daşdan arassalaýarlar.

"Obanyň ilaty silden soňky dikeldiş işlerini öz güýçlerine ýerine ýetirýärler. Adamlar pul toplap kireýine buldozer tutdular we şonuň kömegi bilen ýollary daşlardan arassalaýarlar, siliň akyp döreden jaýryklaryny gömýärler. Adamlar ýer-ýerden kömege ýetişip, obanyň abraýly aksakallarynyň guramaçylygynda bejeriş işleri alyp barýarlar" diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Azatlyk bilen anonim gürleşen çeşmeler ýerli ilatyň häkimiýetlere bil baglamaýandygyny, sebäbi ozalky gezeklerde bolşy ýaly şu gezek hem häkimiýetleriň adamlaryň ýüzlenmelerini ret edendigini aýtdylar.

"Adamlar häkimiýetden kömege garaşmaýar, sebäbi öň şular ýaly tebigy hadysalarda ýerli hökümetden kömek sorap ýüz tutulanda 'size kömek etmäge bergimiz ýok, özüňize gerek bolmasa, bize-de gerek däl diýip jogap berýärler. Şol sebäpden adamlar peýdasyndan geçen, hökümet azar bermese kaýyl" diýip, oba ýaşaýjysy aýdýar.

Şu ýyl adatdakysyndan has yssy we gurak tomus aýlarynda birden ýagan güýçli ýagynlar şäherleriň we obalaryň infrastrukturasynyň sandan çykmagyna, oba hojalyk meýdanlaryny suw basmagyna sebäp boldy.

Oba ýaşaýjylary ekin meýdanlaryndaky hasylynyň zaýalanýandygyny gürrüň berip, birden güýçli ýagýan ýagynlaryň aşa yssyda gurap galan topragy öllemegiň ýerine suwuň üýşmegine getirýändigini belleýärler.

"Birden bedreden guýan ýaly az wagtlap dowam edýän güýçli ýagyş topragy siňňitli doýurman, tersine weýrançylykly netijeleri döredýär" diýip, kärendeçi aýdýar.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda bolan ýagyn we sil barada türkmen metbugatynda habar berilmedi.

Degişli maglumat Agyr ýagyşlar Bendesende oba infrastrukturalaryna zyýan ýetirdi, gök-bakja ekinleri zaýalandy

Türkmen resmileri häzirki we ozalky adaty bolmadyk tebigy hadysalary düýpden agzamaýar. Öňünden ilata duýduryş bermeýär we soňundan netijeleri hem-de resmi taýdan görülýän çäreleri agzamaýarlar.

Türkmenistanyň giňişliginde adaty bolmadyk tebigy hadysalar gitdigiçe köpelýär. Diňe bir soňky aýlarda güýçli ýagynlaryň, silleriň, duzly we tozanly tupanlaryň birnäçesi boldy.

17-nji awgustda Aşgabatda çäge garyşykly tozanly harasat käbir jaýlaryň üçegine we aýnalaryna zeper ýetirdi. Aşgabadyň birnäçe ýerlerinde, elektrik energiýasy we suw üpjünçiligi kesildi.

7-nji iýulda ýurduň demirgazygynda hem duzly tupan turdy hem-de güýçli ýagyn ýagdy. Ondan öň 22-nji iýunda Daşoguz welaýatynda güýçli tozanly ýel turdy. Şonda habarçylar şeýle güýçli tozanly ýeliň soňky 10 ýylyň dowamynda ilkinji gezek bolandygyny bellediler.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Ahalda sil suwlarynyň demir ýollara ýetiren zyýany heniz-de abatlanmaýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.